Gyzykly maglumatlar - Nesil.com.tm
Ekologiýa syýasaty durmuşa geçirilýär.
Merkezi Aziýanyň merjeni, ýaşamak üçin iň amatly şäherleriň biri hökmünde tanalýan Aşgabat ýurdumyzda ekologiýa degişli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň ýene-de bir aýdyň mysalydyr. Ak mermerli paýtagtymyzy bezeýän, köp sanly suw çüwdürimlerini özünde jemleýän ýaşyl seýilgäh zolaklary şäheriň gözelliginiň we binagärlik sazlaşygynyň üstüni ýetirmek bilen, amatly howa gurşawyny döredýär.
Watanymyz geçen döwrüň içinde ekologiýa bilen bagly meselelere yzygiderli we jogapkärli çemeleşýändigini görkezip gelýär. Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda saýlanyp alnan bu ýol eziz Diýarymyzyň diňe bir parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny kesgitlemek bilen çäklenmän, durnukly ösüşi, işjeň halkara hyzmatdaşlygy ugur edinýän milli ekologiýa strategiýasynyň kemala getirilmeginde hem möhüm şert bolup hyzmat etdi. Ekologik meseleler boýunça halkara dialoga işjeň gatnaşýan Türkmenistan adamzadyň geljegi bilen bagly möhüm meseleleriň çözülmegi ugrundaky tagallalara mynasyp goşant goşmak bilen, BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerinde oňyn hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda çykyş edýär. şeýle hem Türkmenistan ekologik abadançylygy üpjün etmek babatda täze başlangyçlary öňe sürýär.
Parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarly Türkmenistanyň Konstitusiýa esasynda berkidilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi daşky gurşawy goramak boýunça tagallalarda ýurdumyzy ygtybarly we möhüm hyzmatdaşa öwürýär. Halkara forumlarda öňe sürülýän başlangyçlar Türkmenistanyň adamzadyň durnukly geljegini üpjün etmäge mynasyp goşant goşmaga çalyşýandygyna şaýatlyk edýär. Watanymyz ählumumy ekologik wehimleriň netijeli çözülmegi üçin möhüm binýat bolan aýratyn hukuk derejesini ulanmak bilen, ekologik meseleler boýunça halkara hyzmatdaşlygy barha ösdürýär. Oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine we kabul eden halkara borçnamalaryna laýyklykda, Türkmenistan gaýtadan dikeldilýän energetika, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak, biodürlüligini gorap saklamak ýaly ugurlary öz içine alýan toplumlaýyn ekologiýa syýasatyny durmuşa geçirýär. Ýurdumyzda energiýanyň öndürilişinde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň paýynyň artdyrylmagy ugrunda işjeň çäreler görülýär. Ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda döwrebap energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Bu bolsa, öz gezeginde, tebigy serişdeleriň sarp edilişini azaltmaga mümkinçilik döredýär..
Gunça ŞÜKÜROWA
Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy
Radionyň jemgyýetdäki orny
Taryha ser salanymyzda, 1895-nji ýylda Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen fizikleriň we himikleriň ylmy ýygnagynda rus fizigi, tanymal alym Aleksandr Stepanowiç Popow ilkinji radiony köpçülige ýetirdi. Alymyň tanyşdyran radiosy ilkinji simsiz aragatnaşyk arkaly gurnalan bolmagy bilen hem tapawutlanýar. Bu möhüm sene ilkinji gezek resmi ýagdaýda Russiýada, 1925-nji ýyldan bäri bolsa köp sebitlerde bellenilip, 1945-nji ýylda radionyň oýlanyp tapylmagynyň 50 ýyllygy bellenilip geçildi. Häzirki biziň günlerimizde beýleki habar beriş serişdeleri bilen bir hatarda, radio möhüm aragatnaşyk we habar beriş serişdesi hökmünde durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Ylmyň ösmegi bilen radio bilen baglanyşykly radio-gözegçilik, radio astronomiýasy, radiotelefon, radiotelegraf ýaly täze ugurlar hem kemala geldi we netijeli üstünlikler yzygider gazanylýar. Bu ugurlaryň gazananlary hem-de radionyň oýlanyp tapylmagy radio nawigasiýa, aragatnaşyk, simsiz maglumat çalşyk ulgamlaryny we dünýä internet toruny hem döretmeklikde özen bolup hyzmat etdi. Radionyň döredilmegi beýleki köp sanly ylmy we tehnologiki açyşlaryň başlangyjy boldy. Bu bolsa radionyň jemgyýetdäki ornuny açyp görkezýär.
İnternet maglumatlary esasynda taýýarlandy
Türkmenistanda hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy: gündizlerine maýyl, gijelerine salkyn
22 – 28-nji sentýabry aralygynda ýurdumyzda maýyl howa garaşylýar. Gijelerine howanyň temperaturasynyň +12 gradusa çenli peselmegi mümkin. Ýurdumyzyň käbir sebitlerinde az-kem ýagyş ýagmagy mümkin.
Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündizlerine +23…+25 gradusdan +29…+31 gradusa çenli, gijelerine +13…+15 gradusdan +18…+20 gradusa çenli maýyl bolar.
Ahal welaýatynda az bulutly howa bolup, gündizlerine +22…+27 gradusdan +28…+33 gradusa çenli, gijelerine +12…+17 gradusdan +16…+21 gradusa çenli maýyl bolar.
Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündizlerine +27…+32 gradus bolar. Gijelerine +11…+16 gradusdan +17…+22 gradusa çenli maýyl bolar. Kenarýaka sebitlerde +21…+26 gradus bolar. Hepdäniň dowamynda az-kem ýagyş ýagmagy mümkin.
Mary welaýatynda açyk howa bolup, gündizlerine +22…+27 gradusdan +27…+32 gradusa çenli, gijelerine +10…+16 gradusdan +15…+20 gradusa çenli maýyl bolar.
Lebap welaýatynda açyk howa bolup, gündizlerine +21…+26 gradusdan +27…+32 gradusa çenli, gijelerine +10…+15 gradusdan +15…+20 gradusa çenli maýyl bolar.
Daşoguz welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündizlerine +25…+30 gradus, gijelerine +8…+13 gradusdan +12…+17 gradusa çenli maýyl bolar. Dynç alyş günlerinde ýagyş ýagmagy mümkin.
Çeşme: «Altyn asyr» elektron gazeti
Galkynyşly döwrüñ sanly özgertmeleri
Şu ýylyň awgust aýynda Awazada geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynda garalan meseleler, kabul edilen çözgütler dünýä ýaň saldy. Tehnologiýalar we innowasiýalar arkaly deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde özgertmeleri öňe sürmek temasy şolaryň esasylarynyň biri boldy.  Elektron söwdany ösdürmek ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmagyň we deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde geografik päsgelçilikleri ýeňip geçmek üçin esasy ugurlaryň biridir. Bu ulgamyň durnukly ösdürilmegi bolsa netijeli sanly döwlet infrastrukturasyna esaslanýan institusional düzümleriň sazlaşykly işini talap edýär. Elektron söwda ulgamynyň institusional düzümleri diýlip onlaýn söwdanyň işini kadalaşdyrýan we goldaýan düzgünleriň, kadalaryň, gurallaryň we mehanizmleriň toplumyna düşünilýär. Bu düzümler elektron amallaryň ygtybarlylygyny, howpsuzlygyny, netijeliligini üpjün edýär.
Sanly döwlet infrastrukturasy bolsa raýatlar, kärhanalar we döwlet edaralary üçin jemgyýetçilik hyzmatlaryny üpjün edýän maglumat-aragatnaşyk tehnologiýasydyr. Bu tehnologiýanyň giňden ulanylmagy dürli ugurlara degişli amallaryň ýerine ýetirilmegini ýeňilleşdirýär, maglumatlary bir ulgama birleşdirýär we wagty, serişdeleri tygşytlamaga, işewürligi, maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmaga ýardam berýär. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak hem-de «Elektron hökümet» ulgamyny doly derejede herekete girizmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar.
Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin durnukly arabaglanyşyk bu ýurtlary sebit, dünýä bazarlaryna birikdirýän, maglumat we tehnologik elýeterliligi üpjün edýän ygtybarly, netijeli, tygşytly ulgamlary döretmegi göz öňünde tutýar. Şunda multimodal ulag geçelgelerini we infrastrukturasyny ösdürmek, logistika merkezleriniň, gury portlaryň işini kämilleşdirmek, goňşy ýurtlar bilen üznüksiz üstaşyr hyzmatdaşlygy ýola goýmak, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, degişli ugra ýöriteleşen ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak ýaly wezipeleri ýerine ýetirmek möhümdir.
Arslan GURBANOW
Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyñ "Gidroizolýasiýa we posa garşy gorag" barlaghanasynyñ baş hünärmeni
Moskwa şäherinde «BMG – 80 oýunlary» atly sport ýaryşlaryna badalga bermek dabarasy geçirildi
Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasynyň, Russiýanyň BMG-ä ýardam beriş Assosiasiýasynyň, BMG-niň Maglumat merkeziniň hem-de BMG – 80 jemgyýetçilik komitetiniň bilelikde guramagynda geçirilen küşt ýaryşy Türkmenistanyň başlangyjy bilen dünýäniň 80-den gowrak ýurdunyň, şol sanda Russiýa Federasiýasynyň awtordaş bolup çykyş etmeginde yglan edilen “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” mynasybetli geçirildi.
Çärä jemgyýetçilik işgärleri, diplomatik korpusynyň wekilleri, mekdep okuwçylary, talyplar we Russiýa Federasiýasynyň DIM-iň Moskwa döwlet halkara gatnaşyklary institutynyň ýaş liderleri gatnaşdylar.
Açylyş dabarasy Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.W.Lawrowyň gutlag sözi bilen başlandy.
Soňra dabarada Russiýanyň BMG-ä ýardam beriş Assosiasiýasynyň başlygy, Russiýanyň DIM-iň MGIMO-nyň rektory, Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, professor A.W.Torkunow, BMG-niň Maglumat merkeziniň müdiri W.W.Kuznesow, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi E.M.Aýdogdyýew, şeýle hem sowet we russiýaly hokkeýçi, BMG-niň Hoşniýetlilik Ilçisi W.Fetisow çykyş etdiler.
E.Aýdogdyýew öz çykyşynda sport diplomatiýasynyň Türkmenistanyň halkara işleriniň iň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Sport parahatçylygyň, ynamyň we özara düşünişmegiň gullugynda – bu Türkmenistanyň ýolbaşçylygynyň durmuşa geçirýän sport hyzmatdaşlygy strategiýasynyň düýp manysydyr. Şu ýyl dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde Türkmenistan ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy, Ýeňişiň 80 ýyllygy, şeýle hem BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygy ýaly möhüm seneleri belleýär. Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli dekabrda Aşgabat şäherinde dünýäniň onlarça döwletlerinden we halkara guramalaryndan ýokary derejeli wekilleriň gatnaşmagynda geçiriljek Halkara maslahaty bu çäreleriň naýbaşysy bolar.
Çykyşlarda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň hem-de Hindistanyň başlangyjy bilen «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» kararnamasynyň kabul edilmeginiň ähmiýeti nygtaldy, döwletleriň we halklaryň arasyndaky parahatçylygy, dostlugy we özara düşünişmegi berkitmekde Türkmenistanyň eýeleýän ornuny barada aýdyldy. Geçiriljek çäräniň sport, medeniýet we diplomatik aragatnaşyk arkaly birleşmegiň nyşany bolmak bilen, parahatçylyk, özara düşünişmek we halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerini berkitmäge çagyrylýandygy bellenildi.
Küşt boýunça geçirilen ýaryşa 30-dan gowrak adam, şol sanda diplomatik korpusyň wekilleri, talyplar we sport mekdepleriniň okuwçylary gatnaşdylar.
Ýaryşyň ahyrynda ýeňijileri sylaglamak dabarasy geçirildi: gatnaşyjylara ýadygärlik diplomlary, ýaryşyň ýeňijisine bolsa Oýunlaryň kubogy gowşuryldy.
BMG-niň oýunlary 2025-nji ýylyň sentýabrynda futbol, tennis we küşt ýaryşlary bilen dowam eder.