Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesliň saglygyny goramak babatda hemmetaraplaýyn alada edýär. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi munuň aýdyň güwäsidir. Häzirki wagtda gazna tarapyndan çagalaryň saglygyny goramak hem-de dikeltmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Türkmen halkyna mahsus bolan dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerip, gaznanyň serişdeleriniň hasabyna dünýäniň dürli ýurtlarynyň çagalaryna ynsanperwerlik kömekleri berilýär. «Il saglygy — ýurt baýlygy», «Saglyk — beglik», «Saglygyň gadyryny bilgil!» diýen aýtgylar halkymyzyň arasynda örän ýörgünlidir. Halkyň saglygyny goramagyň türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde iň kämil lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen köp sanly saglyk merkezleriniň, hassahanalaryň, şypahanalaryň gurlup ulanmaga berilmegi ilatyň saglygy hakyndaky aladanyň döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýandygyny aýdyň görkezýär. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ilkinji «akylly» şäherini ösdürmek, onuň ikinji tapgyryny gurmak bilen bagly işler durmuşa geçirilýär, täze şäherde sagdyn durmuş kadalarynyň berkidilmegine, senagat we önümçilik desgalarynyň ýokary ekologik talaplara laýyk gelmegine möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde hormatly Prezidentimiziň «Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasynyň tassyklamak hakynda» Permana gol çekmegi möhüm wakalaryň biri boldy. Munuň özi döwlet ähmiýetli şäheriň ähli ulgamlaryny sazlaşykly ösdürmäge, bu ýerde ilatyň döwrebap ýaşamagy, zähmet çekmegi, dynç almagy üçin ähli amatlyklary döretmäge, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli işleriň üstünlikli dowam etdiriljekdigini görkezýär.
Orazjemal RZAKULYÝEWA Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Kadaly fizologiýa kafedrasynyň mugallymy