Häzirki döwürde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda ähli ugurlar boýunça belent sepgitlere ýetilýär, halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyna, ýurdumyzyň gülläp ösmegine gönükdirilen iri möçberli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen Arkadag şäheri gysga döwrüň içinde onlarça halkara baýraklaryna, sylaglaryna, güwänamalaryna mynasyp boldy. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen binýat bolan täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda meýilleşdirilen işleriň depgini barha ýokarlanýar. Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde ýerleşýän Arkadag şäherinde gurulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalaryň gurluşyk işlerine örän jogapkärçilikli, hemmetaraplaýyn esasda çemeleşip, bu ýerde maýa goýum taslamalarynyň amala aşyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde şäheriň keşbi barha gözelleşdirýär. Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan şähergurluşyk maksatnamasyna laýyklykda, Arkadag şäheriniň binalarynyň gurluşygyna, bezeg aýratynlyklaryna hem-de onuň ekologik derejesine aýratyn ähmiýet berilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz gurluşyk we timarlaýyş işlerinde intellektual eýeçiligiň gazananlarynyň, sanly ulgamyň netijeli ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berýär. Mälim bolşy ýaly, ägirt uly ykdysady we serişde kuwwatyna eýe bolan Türkmenistan ýokary ösüş depginini görkezip, dünýä giňişliginde ygtybarly we jogapkär hyzmatdaş hökmünde ykrar edildi. Ýurdumyz ykdysadyýeti kämilleşdirmek, senagatlaşdyrmak, maýa goýumlary işjeň çekmek, eksport üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmek boýunça alyp barýan ugruny dowam edýär. Bu üstünlikler döwletimiziň çuňňur oýlanyşykly içeri we daşary syýasatyny ildeşlerimiziň doly goldamagy, giň gerimli özgertmeler işine işjeň gatnaşmagy netijesinde gazanyldy. Gündizleri nurly, gijeleri şuglaly Arkadag şäheri bolsa, kalbymyzyň buýsanjy, ýüregimiziň örküdir.
Maýsa ORAZOWA Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň talyby