Merkezi Aziýanyň merjeni, ýaşamak üçin iň amatly şäherleriň biri hökmünde tanalýan Aşgabat ýurdumyzda ekologiýa degişli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň ýene-de bir aýdyň mysalydyr. Ak mermerli paýtagtymyzy bezeýän, köp sanly suw çüwdürimlerini özünde jemleýän ýaşyl seýilgäh zolaklary şäheriň gözelliginiň we binagärlik sazlaşygynyň üstüni ýetirmek bilen, amatly howa gurşawyny döredýär.
Watanymyz geçen döwrüň içinde ekologiýa bilen bagly meselelere yzygiderli we jogapkärli çemeleşýändigini görkezip gelýär. Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda saýlanyp alnan bu ýol eziz Diýarymyzyň diňe bir parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny kesgitlemek bilen çäklenmän, durnukly ösüşi, işjeň halkara hyzmatdaşlygy ugur edinýän milli ekologiýa strategiýasynyň kemala getirilmeginde hem möhüm şert bolup hyzmat etdi. Ekologik meseleler boýunça halkara dialoga işjeň gatnaşýan Türkmenistan adamzadyň geljegi bilen bagly möhüm meseleleriň çözülmegi ugrundaky tagallalara mynasyp goşant goşmak bilen, BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerinde oňyn hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda çykyş edýär. şeýle hem Türkmenistan ekologik abadançylygy üpjün etmek babatda täze başlangyçlary öňe sürýär.
Parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarly Türkmenistanyň Konstitusiýa esasynda berkidilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi daşky gurşawy goramak boýunça tagallalarda ýurdumyzy ygtybarly we möhüm hyzmatdaşa öwürýär. Halkara forumlarda öňe sürülýän başlangyçlar Türkmenistanyň adamzadyň durnukly geljegini üpjün etmäge mynasyp goşant goşmaga çalyşýandygyna şaýatlyk edýär. Watanymyz ählumumy ekologik wehimleriň netijeli çözülmegi üçin möhüm binýat bolan aýratyn hukuk derejesini ulanmak bilen, ekologik meseleler boýunça halkara hyzmatdaşlygy barha ösdürýär. Oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine we kabul eden halkara borçnamalaryna laýyklykda, Türkmenistan gaýtadan dikeldilýän energetika, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak, biodürlüligini gorap saklamak ýaly ugurlary öz içine alýan toplumlaýyn ekologiýa syýasatyny durmuşa geçirýär. Ýurdumyzda energiýanyň öndürilişinde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň paýynyň artdyrylmagy ugrunda işjeň çäreler görülýär. Ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda döwrebap energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Bu bolsa, öz gezeginde, tebigy serişdeleriň sarp edilişini azaltmaga mümkinçilik döredýär..
Gunça ŞÜKÜROWA
Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy