Sagdynlyk we ruhubelentlik halkara parahatçylygyň esasy ugry
10.11.2025
Hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan Türkmenistan döwletimiz maksada okgunly, özygtyýarly, oňyn Bitaraplyk, şol bir wagtyň özünde işjeň hem-de netijeli daşary syýasaty üstünlikli alyp barýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary esasynda üç gezek ykrar edilen ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ata-babalarymyzyň bize miras galdyran hoşniýetli ýörelgelerini has-da dabaralandyrýar. Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan dünýä jemgyýetçiliginiň ykrarnamasyna eýe bolýan, ählumumy parahatçylygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen oňyn başlangyçlary öňe sürýär. Özeninde türkmen halkynyň gadymyýetden alyp gaýdýan hoşniýetlilik, birek-birege hormat goýmak, dost-doganlyk ýaly ýörelgelerini jemleýän syýasatymyz bu gün dünýäde uly at-abraýa eýe bolýar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ýaşlary bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaga höweslendirmek boýunça maksada gönükdirilen işler alnyp barylýar. Döwlet derejesinde sporty ösdürmek üçin möhüm çözgütler kabul edilip, halkara sport hyzmatdaşlygyny giňeltmek ugrunda tagallalar edilýär. Türkmenistan Olimpiýa hereketiniň işjeň gatnaşyjysy bolup durýar. 2017-nji ýylda Aşgabatda üstünlikli geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary munuň aýdyň mysalydyr. Bu sport çäresi türkmen sportunyň ösüşine itergi berip, Aziýa yklymynda sport hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmaga goşant goşýar. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan halkara sport guramalary bilen hyzmatdaşlyga aýratyn üns berýär. Sport desgalaryny döwrebaplaşdyrmaga, türgenler üçin amatly şertleri döretmek, halkara ýaryşlaryny geçirmek ýurdumyzyň sport syýasatynyň möhüm ugurlarydyr. Eziz Diýarymyzda sport federasiýalarynyň birnäçesi hereket edip, sportuň milli görnüşlerini goldamak we ösdürmek üçin zerur tagallalar edilýär. Mälim bolşy ýaly, sagdynlyk we ruhubelentlik halkara parahatçylygyň we ynanyşmagyň möhüm guralydyr. Şu şanly ýylda geçirilýän sport çäreleriniň maksady dünýäde parahatçylygy, dostlugy berkitmekden halklaryň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmekden, agzybirligi we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan, sagdyn durmuş ýörelgelerini hem-de köpçülikleýin bedenterbiýäni giňden wagyz etmekden, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Olimpiýa hereketini, köpçülikleýin sporty ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň ähmiýetini açyp görkezmekden ybaratdyr.
Hajymuhammet NUNNAÝEW Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Bedenterbiýe kafedrasynyň mugallymy