«Ösüş arkaly parahatçylyk!»

  • 11.11.2025
  • «Ösüş arkaly parahatçylyk!»

    Türkmen halkynyň toý-baýramlary goşa-hoşadan gelýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni giňden baýram edilýär. Şu ýyl BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi üçünji gezek ykrar edilen Garaşsyz Türkmenistan Watanymyzyň ýaşyl Baýdagy dünýäniň öňünde belentden parlaýar. Döwlet Baýdagymyza siňen ýaşyl reňk — baky ýaşaýşyň nusgasy, Esasy Kanunymyz bolan Konstitusiýamyz — hemişelik ýol-ýörelgämiz. Hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan Türkmenistan Watanymyz dünýäde parahatçylyk söýüjilikli ýörelgeleri wagyz etmek, halkara guramalaryň çäklerinde umumadamzat bähbitli başlangyçlary we teklipleri öňe sürmek ugrunda uly tagallalary edýär. Halkara gatnaşyklarda parahatçylyk, dost-doganlyk, ynanyşmak ýörelgelerini ilerledip, medeni dialogy, hoşniýetli goňşuçylygy, birek-birege hormat goýmagy berkitmek, özara ynanyşmagy pugtalandyrmak maksady bilen, parahatçylyk döredijilikli ýoly amala aşyrýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň daşary syýasat başlangyçlary ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk ýörelgesiniň kuwwatyny doly derejede açyp görkezýär hem-de «Açyk gapylar» syýasatynyň uly üstünliklere beslenýändiginden habar berýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzda dünýä bileleşigi şanly seneleriň ikisini — Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygyny hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyny giňden belläp geçer. Munuň özboluşly manysy bar. Çünki Milletler Bileleşigi hem, Bitaraplygyň türkmen nusgasy hem şol bir maksada — Ýer ýüzünde parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlaryň ilerlemegine gulluk edýär, döwletlerdir halklaryň arasynda hoşniýetli gatnaşyklary pugtalandyrmagyň, parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy berkitmegiň tarapdary bolup durýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy iňňän wajyp hem örän parasatly «Ösüş arkaly parahatçylyk!», «Dialog — parahatçylygyň kepili!» atly ýörelgeler Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär.

    Maýa AGAMYRADOWA
    Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby

    Başga makalalar