Parahatçylyk, hoşniýetlilik we ynanyşmak

  • 12.11.2025
  • Parahatçylyk, hoşniýetlilik we ynanyşmak LHormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasy üstünlikli amala aşyrylýar. Bu ugurdaky köpugurly tagallalar hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň dabaralaryna besleýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda has-da işjeň häsiýete eýe bolýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň üçünji gezek biragyzdan kabul edilmegiň şanly ýylyň taryhy ähmiýetini artdyryp, göwünlerimizi has-da ganatlandyrdy. Munuň özi türkmen döwletiniň sebit we dünýä möçberinde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen oňyn syýasatynyň ählumumy ykrar edilmeginiň ajaýyp güwäsi bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň Bitaraplygy diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, bütin adamzadyň gymmatlygydyr, parahatçylygy we ynanyşmagy rowaçlandyrmagyň möhüm şertidir. Bitaraplyk bütin dünýäde parahatçylygy ündeýän, halklary dost-doganlyga, agzybirlige çagyrýan hem-de ynsanperwerligi wagyz edýän ýörelgelerimizi dünýä ýaýýan taglymatdyr. Bu taglymat eziz Watanymyzyň beýik geljeginiň şanyna döredýän we gurýan merdana halkymyza ýeňişleri gazanmaga ruhy güýç berýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan halkara giňişlikde öňe sürýän parahatçylyk, ynanyşmak we hoşniýetli hyzmatdaşlyk kadalaryndan ugur alyp, dünýä döwletleri, halkara guramalar, öňdebaryjy kompaniýalar bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýýar. Energetika we ulag ulgamyny ösdürmek, beýleki üpjünçilik taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi olaryň esasy ugurlaryna degişlidir. Häzirki wagtda Türkmenistan energetika taýdan kuwwatly döwletleriň biri bolmak bilen, halkara üstaşyr ulag geçenleriniň çatrygyna öwrülýär. Hemişelik Bitarap döwletimiziň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ulag ulgamy we energetika howpsuzlygy bilen bagly Kararnamalaryň kabul edilmegi hem-de bu ugurlar boýunça soňky ýyllarda amala aşyrylýan iri taslamalar muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Parahatçylyk, hoşniýetlilik, ynanyşmak, dünýä döwletleri bilen özara bähbitli gatnaşyklary ileri tutmak ýörelgelerine ygrarly bolan ýurdumyz özüniň amatly geosyýasy we geoykdysady kuwwatyny umumadamzat bähbitlerini hem-de ösüşleri üpjün etmäge gönükdirýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhaslary esasynda oňyn Bitaraplyk ýörelgesine eýerip, dünýäde parahatçylygy we dostlukly berkitmekde mynasyp orna eýe bolýandygyny aýdyň görkezýär.

    Musa ŞAMYRADOW
    Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby
    Başga makalalar