ÖSÜŞLERDE TÄZE MÜMKİNÇİLİKLER

  • 12.11.2025
  • ÖSÜŞLERDE TÄZE MÜMKİNÇİLİKLER Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda bar bolan ägirt uly mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmagyň hasabyna ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, täze önümçilik toplumlaryny döretmek, içerki bazary ýerli önümler bilen bolelin üpjün etmek boýunça öňdengörüjilikli başlangyçlarynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde milli ykdysadyýetimiz okgunly ösüşe eýe bolýar. Giň gerimli özgertmeler maksatnamalarynyň çäklerinde daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan harytlaryň önümçiligi barha artyp, ýurdumyzyň eksport kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar. Şunda öndürilýän önümleriň ýokary halkara ölçeglere laýyk gelmegi möhüm talaplaryň biri bolup durýar. Kärhanalarda halkara standartlaryň berjaý edilmegi olaryň harytlarynyň dünýäniň talapkär sarp edijileriniň arasynda uly islegden peýdalanmagyna, önümçiligiň gerimini giňeltmäge, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge uly mümkinçilikleri döredýär. Oňyn Bitaraplyk syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýän Türkmenistanda işewürligi ösdürmek, maýa goýumlary çekmek, daşary ýurt kompaniýalarynyň iş alyp barmagy üçin döredilýän amatly şertler milli ykdysadyýetiň has-da kuwwatlanmagyna, onuň dünýä bazar gatnaşyklary şertlerine çalt depginde uýgunlaşmagyna ýardam edýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan özgertmeleriň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň görkezijisidir. Ýurdumyzyň ykdysadyýetini dünýä ölçeglerine laýyklykda döwrebaplaşdyrmakda, täze tehnologiýalary, innowasiýalary we ylmyň soňky gazananlaryny ornaşdyrmakda halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýetli örän uludyr. Häzirki döwürde ykdysadyýetiň möhüm ugurlary bolan ýangyç-energetika, gurluşyk, senagat, himiýa, ulag-aragatnaşyk pudaklarynda durmuşa geçirilýän iri taslamalara halkara guramalar tarapyndan ýokary baha berilýär. Şolaryň amala aşyrylmagyna ýurdumyzyň hususy telekeçileriniň işjeň gatnaşmagy olaryň ýokary halkara ülňülere laýyk gelýän hyzmatlary hödürlemäge ukyply möhüm düzüme öwrülýändiklerini görkezýär.

    Käkil GELDİMYRADOWA
    Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby
    Başga makalalar