Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistan döwletimiziň dünýädäki at-abraýy barha artýar. Türkmenistan Watanymyz 30 ýylyň dowamynda Bitaraplygyň üýtgewsiz ýörelgelerine gyşarnyksyz eýerip, özüniň barha ýokarlanýan ösüşinde örän ýokary sepgitleri eýeledi. Garaşsyz Türkmenistan üçin Bitaraplygyň 30 ýyllygy aýratyn ähmiýetli we şanly senedir. Taryh üçin örän gysga möhlet bolan 30 ýylda biz saýlap alan ýolumyzyň dogrydygyny bütün dünýä subut etdik. Halkymyz türkmen Bitaraplygynyň 30 ýylynyň içinde halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň işini täzeden döwrebaplaşdyryp gurdy. Giň möçberli özgertmeleriň geçirilmegi netijesinde ýurdumyzyň durmuş - ykdysady ösüşinde uly üstünlikleri gazandy. Şeýlelikde, beýleki halklar we döwletler bilen köptaraply hyzmatdaşlyk babatdaky netijeli ösüşler daşary syýasatymyzyň esasy ugry bolup hyzmat edýär. Şunuň hatyrasyna-da Türkmenistanyň her bir raýaty Bitaraplygy parahat durmuşyň kepili, ertirki güne bolan ynam, rahat zähmete, bagtyýar nesilleri kemala getirmäge, terbiýelemäge mümkinçilik hökmünde kabul edýär. Häzir Bitaraplygyň alamatlary biziň gündelik durmuşymyzyň köp tarapynda öz beýanyny tapdy. Garaşsyz Türkmenistan üçin Bitaraplygyň 30 ýyllygy aýratyn ähmiýetli we şanly senesidir. 12-nji dekabr-türkmen halkynyň mukades baýramlarynyň biri Bitaraplyk günidir. Biziň üçin mukaddeslige öwrülen Garaşsyzlyk we Bitaraplyk sözleri Döwlet senamyzda dabaraly hem joşgunly ýaňlanýar. Başy belent Köpetdagyň eteginde Bitaraplyk binamyz uzaklardan seleňläp görünýär.
Aýjahan HALDURDYÝEWA
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk
akademiýasynyň laboranty