YLYM WE BİLİM GELJEGİŇ BİNÝADY

  • 26.11.2025
  • YLYM WE BİLİM GELJEGİŇ BİNÝADY Türkmen halkymyz ylym-bilime aýratyn ähmiýet beren beýik halkdyr. Biz muňa nakyllardan, atalar sözünden hem aýdyň göz ýetirýäris. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylymyzda hem ylym-bilimiň hasda ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Şunda ylmyň iň täze gazananlaryna, bilim bermegiň döwrebap usullaryna, sanly tehnologiýalara aýratyn üns berilýär. Munuň özi, ilkinji nobatda, bilim binýadynyň berkidilýändigi, kämil hünärmenleriň taýýarlanylýandygy bilen berk baglanyşyklydyr. Dünýäde her bir ynsan üçin bilimleri özleşdirmekden, ylym-bilim öwrenmekden beýik zat ýok bolsa gerek. Çünki adam näçe bilimli, sowatly bolsa, Watany, halky üçin şonça-da peýdaly bolýar. Merdana ata-babalarymyz «Bilimsiz öý — otsuz ojak» diýip örän jaýdar belläp geçipdirler. Häzirki döwürde hem islendik döwletiň ýa-da dünýä ykdysadyýetiniň üstünlikli ösüşi, ilkinji nobatda, bilim we ylym ulgamynyň ösüş derejesi bilen kesgitlenilýär.Ýaş nesliň ylymly-bilimli bolup ýetişmegi biziň ertirki abadan ýaşaýşymyzyň kepili bolup durýar. Hut şonuň üçin hem häzirki döwrümizde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen ylym bilim döwrebap ösdürilýär. Munuň şeýledigini orta we ýokary okuw mekdepleriniň maddy enjamlaýyn binýadynyň berkidilendigini, iň täze kompýuter, sanly tehnologiýalar bilen üpjün edilendigini bellemek gerek. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Ýaşlar ― Watanyň daýanjy» atly kitabynda «Bu gün eýýamlaryň taryhy hakykaty döwre görä has täzeçe we kämil röwüşde ýüze çykýar. Çar ýana, ýedi yklyma pähim-paýhas dürlerini sahawatlylyk bilen eçilýär. Bu günki gazanylýan üstünlikler we ösüşler beýik geljegiň buşlukçysydyr» diýip belleýär.

    Orazsoltan AÝDOGDYÝEWA
    Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň 15-nji orta mekdebiniň 1-nji derejeli himiýa mugallymy
    Başga makalalar