Eziz Watanymyz — ygrarymyz, namysymyz, arymyz, buýsanjymyz, guwanjymyz, çäksiz söýgimiz. Bitaraplyk bu biziň göterilen ykbalymyzdyr! Bitaraplyk Magtymguly atamyzyň arzuwlan zamanasydyr, berkarar döwletli we bagtyýar ýaşaýşymyzdyr! Biziň beýik ýeňişlerimiziň hem-de üstünliklerimiziň, döwletimiziň barha artýan halkara abraýynyň esasynda Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygy durýar. Garaşsyzlyk döretmäge kuwwat, gurmaga güýç, parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrmaga egsilmez ylham berýär. Ýurdumyz parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty yzygiderli durmuşa geçirýär. Bu netijeli strategiýada abraýly halkara we sebit guramalarynyň ugry boýunça hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. Türkmenistan öz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna laýyklykda GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, dürli ulgamlarda bar bolan ägirt uly mümkinçiliklerini nazara alyp, Arkalaşygyň giňişliginde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerinde işjeň orny eýeleýär. Ýurdumyzy GDA-nyň döwletleri bilen däp bolan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, ysnyşykly taryhy-medeni gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Munuň özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek, ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň paýtagty ak mermerli Aşgabat parahatçylyk söýüjiligiň, dost-doganlygyň has-da berkeýän şäheri. Bu günki gün onuň sebitleýin we halkara derejede ylalaşdyryjy merkez, umumadamzat ähmiýetli çäreleriň geçirilýän ýeri hökmündäki abraýy-da barha artýar. Bu ýyl ýurdumyzyň, onuň merjen paýtagty Aşgabadyň dünýä giňişliginde abraýynyň barha artmagy bilen şöhratlanýar. Biz muny ýurdumyzda geçirilýän dürli derejedäki halkara çäreleriň — Medeniýet günleriniň, sergileriň, maslahatlaryň, festiwallaryň mysalynda arkaýyn tassyklap bileris. Ýurdumyz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny iş ýüzünde mundan beýläk-de pugtalandyrmak, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda, energetika we ulag-aragatnaşyk toplumlarynda, ekologik ulgamda halkara gatnaşyklary ösdürmek ýaly möhüm wezipeleri çözmäge işjeň gatnaşýar. Çünk8 Bitaraplyk – munuň özi milletiň ähli içerki ruhy durmuşynyň, ýaş döwletiň daşary syýasat ugrunyň tebigy we kanuny ösüşidir, şol ugur bolsa halkara syýasy gatnaşyklarynda öz ornuna düşünmegi türkmen halkynyň daşarky dünýä bilen gatnaşyklar baradaky taryhy däplerini birleşdirdi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary barha rowaçlanýar. Sözüň doly manysynda, Türkmenistan — parahatçylygyň, dost-doganlygyň mekanydyr.
Laçyn ALLABERENOWA Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Tehniki ugurlar boýunça daşary ýurt dilleri kafedrasynyň uly mugallymy