Türkmenistan-dermanlyk ösümlikleriň diýary

  • 01.12.2025
  • Türkmenistan-dermanlyk ösümlikleriň diýary

    Lukman Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy ensiklopedik eseri her bir adama türkmen tebigatynyň dermanlyk ösümlikleriniň tebigy gorlary, dermanlyk häsiýeti, melhemlik ähmiýeti barada, ösümlikleriň köklerinden, miwelerinden melhemlik serişdelerini taýýarlamak barada giňişleýin maglumat berýän ylmy çeşmedir. Alym Arkadagymyzyň bu gymmatly kitaby dermanlyk ösümlikleriň häsiýetli aýratynlyklaryny, düzümini, ýaýran ýerlerini, ulanylyşyny, peýdaly taraplaryny içgin öwrenmäge, ýurdumyzyň baý ösümlik dünýäsi bilen tanyşmaga ýardam edýän gymmatly gollanma hökmünde çykyş edýär. Türkmen halkymyzyň bereketli top­ra­gynda der­man­lyk ösüm­lik­le­riň 2 müň­den gow­rak gör­nü­şi mil­li te­bip­çi­lik­de we halk luk­man­çy­ly­gyn­da giň­den ula­nyl­ýar. Ola­ryň gü­lü­ni­, ýap­ra­gy­ny­, bal­da­gy­ny­, dä­ne­si­ni­, kö­kü­ni­ we beýleki synalaryny bejeriş maksady bilen peýdalanýarlar. Şeýle dermanlyk ösümlikleriň hatarynda buýan, çopantelpek, türkmen selmelegi, atgulak, tozga, paporotnikler, lawr, gurygülüň güljagazlary, narpyz, rozmarin, bägüliň ýapraklary, hmel, kalendula, şalfeý ýaly görnüşleri belläp geçmek bolar.
    Döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramak Türkmenistanda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistan dünýä döwletleri we iri halkara guramalary bilen saglygy goraýyş ulgamy boýunça köptaraplaýyn gatnaşyklary barha berkidýär. Saglygy goraýyş ulgamynda maksatlaýyn özgertmeleri amala aşyrmak arkaly, Garaşsyz Hemişelik Bitarap döwletimiziň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynda täze ösüşler netijeli üpjün edilýär.

    Gülälek GARYÝEWA
    Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Diller kafedrasynyň uly mugallymy

    Başga makalalar