Belent maksatlara- rowaç gadamlar

  • 02.12.2025
  • Belent maksatlara- rowaç gadamlar Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Biziň esasy maksadymyz mähriban Watanymyzyň asudalygyny we howpsuzlygyny, durmuş-ykdysady taýdan ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläkde ýokarlandyrmagy, bütin dünýäde parahatçylygy hem-de özara ynanyşmagy berkitmegi üpjün etmekdir» diýip belleýär. Garaşyzlyk ýyllary içinde eziz Watanymyz ösüşiň we özgerişiň mekanyna öwrüldi. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşyny üpjün etmek we ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ýokarlandyrmak, Watanymyzyň halkara abraýyny has-da artdyrmak boýunça gazanylan üstünliklerde, ýetilen beýik sepgitlerde Garaşsyzlygymyzyň beren bagty dabaralanýar. Garaşsyzlygymyzyň we Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly ýyllary rowaçlyklaryň, üstünlikleriň ýyllary boldy. Bu ýyllar Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy hem-de ony şöhratlandyrdy. Bu döwür milli ykdysadyýetimiziň ösüş bilen öňe giden döwri boldy. Bu ýyllarda gazanylan görkezijiler, jemi içerki önümiň ösüş depgininiň, öndürilen önümleriň, haryt dolanyşygynyň möçberiniň yzygiderli artmagy Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň yokarydygyny görkezyär. Yurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagy iri taslamalary durmuşa geçirmäge mümkinçilik berdi. Milli ykdysadyyetiň nebit-gaz, gurluşyk-senagat, ulag-aragatnaşyk, oba hojalyk pudaklarynda, medeniyet, ylym, bilim, saglygy gorayyş, sport ulgamlarynda uly üstünlikler gazanyldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe geljekki ösüşlerimiziň kepili bolan döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» we beýleki maksatnamalary durmuşa geçirmekde halkymyz el-ele berip, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşip, belent maksatlara tarap ynamly öňe barýar.

    Amandurdy DÖWLETGELDİÝEW
    Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby

    Başga makalalar