Dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy ündeýän ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edildi. Bu Kararnamalaryň kabul edilmegi ýurdumyzyň saýlap alan parahatçylyk söýüjilikli ýolunyň — hemişelik Bitaraplygymyzyň dabaralanmasy bolup dünýä doldy. Ýeri gelende belläp geçsek, Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň başlangyjy bilen 12-nji dekabr «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip ykrar edildi. Gahryman Arkadagymyz Bitaraplygymyz hakynda: «Bu gün Bitarap Türkmenistan sebit, yklym, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýär. Durnukly ösüş maksatlary, öňüni alyş diplomatiýasy, derwaýys sebit meseleleri boýunça daşary syýasy we geoykdysady başlangyçlarymyz döwletimiziň dünýä jemgyýetçiliginiň umumadamzat ähmiýetli çözgüdine anyk goşant goşýandygyny görkezýär. Biziň halkara başlangyçlarymyz Birleşen Milletler Guramasy we beýleki abraýly düzümler tarapyndan yzygiderli goldanyp gelinýär. Şeýdip, gönezliginde parahatçylygy döretmek sungaty duran Bitaraplyk syýasatymyzyň netijesinde, dünýäniň geosyýasy giňişliginde «Türkmenistan» atly parlak ýyldyz döredi» diýip nygtaýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň dünýä döwletleri bilen hoşniýetli parahatçylyk gatnaşygyny ýola goýmagy, Türkmenistan döwletiniň, türkmen halkynyň dünýä ýüzünde parahatçylyk söýüjilikli halkdygyny görkezýär. Baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň halkara abraýyny belende göterýän Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutumly işleri elmydama rowaçlyklara ýar bolsun!
Enejan BORJAKOWA Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby