Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň pähim-parasadyna ýugrulan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän «Dialog – parahatçylygyň kepili» atly şygary adamzat ýaşaýşyna howp salýan wehimleriň diplomatik usullar arkaly öňüniň alynmagyna, umumy ösüşiň täze gözýetimlere ilerlemegine hyzmat edýär. Türkmen Bitaraplygy bu jemgyýetçilik-ylmy pelsepäni dabaralandyryjy güýç bolup çykyş edýär. Parahatçylyk taglymaty bolsa Bitaraplyk ideýasyna eriş-argaç ornap, külli adamzadyň röwşen geljegine, Zeminiň syýasy durnuklylygyna, ykdysadyýetleriň kuwwatlanmagyna itergi berýär. Goşa gymmatlyklara daýanýan döwletimiziň parahatçylygy ündeýji ugry dünýä bileleşiginiň maksatlaryna, umumadamzat bähbitlerine kybap gelýär. Halkara gatnaşyklaryň esaslaryny düzýän BMG-niň ählumumy resminamalarynyň ýörelgeleýin kadalarynyň berkarar bolmagyna, dünýä abadançylygynyň hatyrasyna döwletara hyzmatdaşlygynyň rowaçlanmagyna goşant goşýar.Başymyzyň täji bolan Garaşsyzlyk we Bitaraplyk halkymyzyň bagtynyň berk binýady, bagtyýar geljeginiň aýdyň nyşanydyr. Hemişelik Bitaraplyk Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, öňde goýlan beýik maksatlaryň üstünlikli amala aşyrylmagyna ruhubelentlik we mizemez ynam berýär. Şonuň üçin-de, döwlet Baştutanymyzyň daşynda mäkäm jebisleşen halkymyz ösüşli ýollarda beýik işleri durmuşa geçirip, ajaýyp zamananyň hözirini görýär. Türkmen Bitaraplygynyň nurana ýollarynyň dünýä jümmüşine uzamagy netijesinde ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Ýewropa Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, ÝUNISEF, BMG-niň Çagalar gaznasy, Bütindünýä Saglygy goraýyş Guramasy, Yslam Konferensiýasynyň Guramasy, ÝUNESKO bilen giň gerimli hyzmatdaşlyklary ýola goýup , gatnaşyklaryň berkemegi ugrunda möhüm işleri amala aşyrýar. Ähli üstünliklerimiziň gözbaşynda duran Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň bagtyýar şu gününi we nurana geljegini üpjün etmäge gönükdirilen beýik işleri mundan beýläk-de üstünliklere beslensin. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolup, il-ýurt bähbitli döwletli işleri has-da rowaç alsyn!
Musa ŞAMYRADOW
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby