Birleşen Milletler Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk
14.12.2025
Türkmenistan sebitde syýasy durnuklylygy üpjün etmäge, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny we dost-doganlyk hyzmatdaşlygyny ösdürmäge uly goşant goşýar. Bu ugurda ýurdumyz abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýar. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda ýurdumyzyň BMG-niň agzalygyna kabul edilmegi Türkmenistanyň halkara derejesinde giňden tanalmagyna ýol açdy. Şondan bäri ýurdumyz dünýä parahatçylygyny, ählumumy durnuklylygy we howpsuzlygy berkitmäge gönükdirilen möhüm başlangyçlary bilen dünýä jemgyýetçiliginiň uly ynamyna mynasyp boldy. 2007-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Aşgabat şäherinde BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy sebitleýin hyzmatdaşlygyň taryhy ähmiýetli netijeleriniň biri boldy. Mundan başga-da, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2017-nji hem-de 2021-nji ýyllarda «Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly Kararnamalaryň kabul edilmegi, sebitiň döwletleriniň Aşgabatdaky merkeze ýokary ynam bildirýändiginiň we bu ugurda hyzmatdaşlygyň barha berkeýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Umuman aýdanyňda, Öňüni alyş diplomatiýasy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň möhüm wezipesi we aýrylmaz bölegi hökmünde çykyş edýär. Döwletimiziň daşary syýasat ugrunyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden makullanylmagy, Türkmenistan üçin ähli döwletler hem-de abraýly halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlyk etmekde berk binýady döredýär. Hemişelik Bitaraplyk syýasaty bolsa ýurdumyzyň öz ykbalyny parahatçylykly ösüş bilen baglanyşdyrmagyna, goňşy döwletler bilen dostlukly gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyna, şeýle hem dünýäniň dürli ýurtlary bilen özara bähbitli ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny üstünlikli ösdürmegine giň mümkinçilik açýar. Hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýäniň köp ýurtlary bilen netijeli hyzmatdaşlyk edip, parahatçylygyň, asudalygyň we halklaryň arasyndaky dost-doganlygyň dabaralanmagyna uly goşant goşýar. Döwletimiziň öňdengörüjilikli daşary syýasaty Merkezi Aziýa sebitinde howpsuzlygyň, abadançylygyň we durnuklylygyň berkidilmeginde möhüm orun eýeleýär. 2023-nji ýylyň 16-njy maýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy esasynda we 67 döwletiň biragyzdan goldamagynda her ýylyň 26-njy noýabrynyň «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýlip yglan edilmegi, Türkmenistanyň ulag diplomatiýasynyň dünýä derejesinde ýokary bahalandyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ulag diplomatiýasy Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň möhüm şertleriniň biri hökmünde dünýä ýurtlaryny we yklymlaryny özara baglanyşdyrýan möhüm köprü roluny ýerine ýetirýär. Oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik hem-de hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine ygrarly Türkmenistan, halkara giňişlikde deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek bilen, türkmen diplomatiýasynyň gazananlaryny giňden dünýä äşgär edýär.
Sona ARTYKOWA Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Gistologiýa, sitologiýa we embriologiýa kafedrasynyň mugallymy