Parahatçylygyň, ynanyşmagyň we ösüşleriň Watany

  • 15.12.2025
  • Parahatçylygyň, ynanyşmagyň we ösüşleriň Watany

    Dünýäniň ilatynyň röwşen geljegini üpjün etmek maksady bilen döredilen, şu ýyl döredilenine 80 ýyl bolan Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň iň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Hususan-da, BMG-niň Baş Assambleýasynyň çözgüdine laýyklykda hem-de goňşy döwletleriň we Howpsuzlyk Geňeşiniň agzalarynyň goldaw bermeginde Aşgabatda esaslandyrylan BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi bilen ýakyndan hyzmatdaşlygy uly ähmiýet berilýär. Bu ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolanyna 30 ýyl doldy. Ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy 2025-nji ýyly — «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etdi. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly şygry umumadamzady parahat durmuş üçin ýagşy işlere çagyrýan ajaýyp aýdym bolup kalbymyza doldy. Hemişelik Bitaraplygymyzyň dabaralanmasy esasynda, Türkmenistan Watanymyz parahatçylygyň, ynanyşmagyň we hyzmatdaşlygyň merkezine öwrüldi. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň öňe sürýän başlangyçlary BMG-niň çäklerinde, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilýän Kararnamalarda öz beýanyny tapýar. Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlaryň köpüsi we sebitdäki hemme döwletler bu resminamanyň awtordaşy bolup çykyş etdi. Munuň özi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan syýasatynyň aýdyň nyşany bolup durýar. BMG oňyn Bitaraplyk ýörelgesine eýerýän Garaşsyz ýurdumyz Merkezi Aziýa sebitinde, tutuş dünýäde parahatçylygy, abadançylygy, durnuklylygy üpjün etmäge öz mynasyp goşandyny goşup gelýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy dünýä bileleşigini köp sanly wajyp başlangyçlar ruhlandyrýar. Goý, dost-doganlygyň, parahatçylygyň, asudalygyň, agzybirligiň ýurdy bolan Türkmenistan Watanymyz baky güllesin, gül açsyn!

    Bahar AGAMYRADOWA
    Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby

    Başga makalalar