Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys. Belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys» diýip belleýär. Ýurdumyzda ýaşlary hemmetaraplaýyn goldamak, olaryň mümkinçiliklerini ösdürmek, bu ulgamda kämilleşdirmek boýunça yzygiderli çäreler durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň dünýä derejesindäki ders bäsleşiklerinde we olimpiadalarynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza wekilçilik edip, ýurdumyzyň bilim ulgamynda ýeten ýokary sepgitlerini dünýä ýaýmakda gazanan uly üstünliklerini hem-de olaryň halypa mugallymlarynyň bu ugurda bitiren hyzmatlaryny nazara alyp ýaňy ýakynda Hormatly Prezidentimiz bilimde we sportda tapawutlanan raýatlary sylaglamak dabarasyna gatnaşdy. Ýurdumyzyň ençeme raýaty Şa serpaýyna mynasyp boldular. Şol ýaşlaryň içinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň Atçylygyň weterinariýasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Şükür Esedowyň hem bolmagy bizi aýratyn buýsandyrýar. Türkmenistan döwletimiziň bilim ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi hem-de onuň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegi, ulgamyň hil taýdan täze derejä çykarylmagy türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli dowam etdirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugrudyr. Şunuň bilen baglylykda, milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklary üçin ýokary hünärli işgärleriň kemala gelmegine gönükdirilen ýokary bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Garaşsyz döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüşi ylym, bilim, medeniýet bilen berk baglydyr. Şol maksat bilen «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» esasynda bilim işini halkara ölçeglere laýyk kämilleşdirmäge badalga berildi. Häzirki wagtda ýurdumyzda döredilýän orta we ýokary okuw mekdepleri diňe bir döwrebap bilimli, sazlaşykly ösen ýaşlary taýýarlamak üçin merkezleri bolmak bilen çäklenmän, milletimiziň aň-bilim kuwwatyny doly açmak, jemgyýetimiziň medeni we ruhy ösüşiniň, Watanymyzyň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady abadançylygynyň ygtybarly binýady hem bolup durýar.
Söýenç AHMEDOW Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymy, akademiýanyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy