Ekologiýa howpsuzlygy saglygyň we bagtyýarlygyň gözbaşy
17.12.2025
Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşaw boýunça konwensiýalarynyň onlarçasyna goşulan Türkmenistanyň ýokary derejeli forumlarda öňe sürýän başlangyçlary halkara bileleşik tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Şolaryň hatarynda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini açmak, BMG-niň Suw strategiýasyny, BMG-niň Aral deňziniň sebiti üçin ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak, Aral meselesini BMG-niň işiniň aýratyn ugry hökmünde kesgitlemek, Hazar deňziniň ekologik abadançylygyny gorap saklamak ýaly teklipler bar.Türkmenistanda tebigata aýawly çemeleşmek, onuň biodürlüligini gorap saklamak hem-de baýlaşdyrmak, ekologik abadançylygy üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän giň gerimli işler dünýä nusgalykdyr. Şeýle-de ýurdumyzyň öňe sürýän ekologiýa ugurly başlangyçlary halkara jemgyýetçiliginde uly goldawa eýe bolýar. Eziz Diýarymyzyň gözel tebigatyny aýawly saklamak babatda alnyp barylýan işlerde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen binýady goýlan ekologiýa syýasatynyň netijelerini her ädimde görmek bolýar. Garagum sährasy — türkmen halkynyň baýlyk-genji. Onuň gözelliginde üýtgeşik özüne çekijilik bar. Arassa çägeleriň sähranyň ösümlik dünýäsi bilen utgaşmagy hem-de onuň tämiz howasy bu ýerleriň ekologik derejesiniň ýokary bolmagyny üpjün edýär. munuň özi türkmen topragynyň ähli künjekleriniň, şol sanda ajaýyp giňişlikleri bolan sähranyň sahawatyndan habar berýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän ekologiýa syýasatynyň özeni tebigy gurşawy goramak we tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak bolup durýar. Ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegi, ilatyň ýaşaýşy üçin arassa daşky gurşawyň döredilmegi ekologiýa syýasatynyň baş maksadydyr. Ekologiýa syýasaty geljekki nesilleriň-de abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin edilýän aladany özünde jemleýär. Sebäbi adamzadyň şu günki esasy wezipeleriniň biri tebigy ekoulgamy geljekki nesillere geçirmekden ybaratdyr.
Mähri DAŇATAROWA Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň lukmançylyk fizikasy we informatikasy kafedrasynyň mugallymy