Parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň beýany

  • 18.12.2025
  • Parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň beýany

    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Türkmenistanymyzda heňňamlara şan berýän, raýatlarymyzyň göwün guşuny ganatlandyryp, arzuw-umytlaryna sary ruhlandyrýan ýyllar taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýar. At-abraýa, şöhrat-şana beslenen ýurdumyzyň geljegi, şahyryň dili bilen aýdanymyzda, gül beren günleri hemra edinýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp şygry hem «Parahatçylyk geljege iň mukaddes mirasdyr» diýen ajaýyp setir bilen başlanan 2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» hem tamamlanyp barýar. Parahatçylyk, dost-doganlyk gatnaşyklary, birek-birege hormat goýmak, asudalyk, agzybirlik baradaky pähim-paýhaslar Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döreden eserleriniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Hormatly Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy», «Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda», «Türkmenistan Bitaraplygyň mekany», «Bitarap Türkmenistan» atly we beýleki kitaplarynda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy giňden açylyp görkezilýär. Bu ajaýyp kitaplaryň üstüni ýetirýän Türkmen Bitaraplygymyzyň ähmiýetini doly açyp görkezýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitaby elimize gowuşdy. Ajaýyp kitapda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň ähmiýeti, dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmäge gönükdirilen taryhy başlangyçlar giňden beýan edilip, ýurdumyzda ýetilen belent sepgitleriň, gazanylan üstünlikleriň jemi jemlenýär. «Türkmenistanyň Bitaraplygy ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabyň çapdan çykmagy mynasybetli Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ähli türkmen halkymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys.

    Myrat DURDYÝEW
    Türkmen döwlet medeniýet sungat mekdebiniň mugallymy

    Başga makalalar