Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhaslary esasynda eziz Diýarymyz agzybirligiň, asudalygyň, parahatçylygyň tarapdary bolmak bilen, ynsanperwerlik, dost-doganlyk, döwletlilik ýoly bilen öňe barýar. Munuň özi ýurdumyza dünýä tarap uzaýan dostluk ýollaryny uzaltmaga, halkara söwdadyr ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge, ynsanperwer gatnaşyklary we beýleki ugurlary çuňlaşdyrmaga mümkinçilik berdi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen binýady goýlup, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň daşary syýasaty sebitde we dünýäde parahatçylygyň, özara ynanyşmagyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilendir. Hemişelik Bitarap Türkmenistan ählumumy abadançylygy, durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar, halkara Gün tertibiniň möhüm meseleleriniň deňeçer çözgütlerini işläp taýýarlamak boýunça halkara jemgyýetçiligiň tagallalaryna möhüm goşant goşýar. 2025-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagyna 80 ýyl, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ykrar edilmegine 30 ýyl doldy. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi halkymyzyň beýik gymmatlygy bolup, tutuş dünýäde asuda durmuşy, halklaryň dost-doganlygyny, ynsanperwerligi, özara bähbitli hyzmatdaşlygy hem-de ösüşi dabaralandyrýan taglymatdyr. Ýurdumyz halkara giňişlikde möhüm başlangyçlary öňe sürmek bilen, olaryň dünýä jemgyýetçiliginiň bähbitlerine laýyk gelmegini ileri tutýar. Tagallalary birleşdirmek, bilelikdäki işe yzygiderli daýanmak Türkmenistanyň daşary syýasatynyň kesgitleýji şerti, filosofiýasy bolup durýar. Ýurdumyzyda parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgeleri baky dowamat dowam bolsun!
Nowruzälem GURDOW Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymy, Atçylyk fakultetiniň dekanynyň w.w.ý.ý