Halkymyzyň saglygy-abadançylygyň kepili

  • 19.12.2025
  • Halkymyzyň saglygy-abadançylygyň kepili

    Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlamagynda, ýurdumyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda halkymyzyň saglygy ugrunda amala aşyrylýan ​​işler dünýä nusgalykdyr. Şol taýsyz tagallalar netijesinde, ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamy ägirt uly ösüşleri başdan geçirýär. Muňa aýdyň mysallar hökmünde, ýurdumyzda yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýän hassahanalary, Saglyk öýlerini, şypahanalardyr dynç alyş sagaldyş merkezlerini agzap bolar. Gahryman Arkadagymyzyň başlamagynda, ýurdumyzda ýokanç we ýokanç däl keselleriň birnäçe görnüşiniň düýpli ýok edilmegi barada halkara güwänamalar gazanyldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilatyň ruhy we beden taýdan saglygyny gazanmak, raýatlaryň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, abadançylygyny ýokarlandyrmak, adam ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak bilen baglanyşykly Gahryman Arkadagymyzyň başlan “Saglyk” Döwlet maksatnamasyny hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň pähim-paýhasy esasynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ilatynyň saglygy, abadan bagtyýar durmuşy ýurdumyzda amala aşyrylýan ​​işleriň esasy maksadydyr. Kabul edilen milli  döwlet maksatnamalar esasynda paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň ölçeglerine laýyk gelýän bejeriş-anyklaýyş merkezleri, şypahanalar, ýerli çig maldan derman serişdelerini öndürýän döwrebap kärhanalar, häzirki zaman ylmy-kliniki merkezleri, saglyk öýleri yzygiderli gurlup, Garaşsyz Watanymyzyň taryhyna şöhratly sahypalar ýazylyar. Gahryman Arkadagymyzyň "Türkmenistanyň dermalyk ösümlikleri" atly ylmy-ensiklopediki işinde beýan edilen ösümliklerden taýýarlanylan dermanlyk serişdeler diňe bir ildeşlerimiz üçin däl-de, islendik ynsanlar üçin hakyky melhemlik hazynadyr. Halkymyzyň saglygy barada bimöçber alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

    Mähri DAŇATAROWA
    Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň lukmançylyk fizikasy we informatikasy kafedrasynyň mugallymy

    Başga makalalar