Magtymguly Pyragynyň eserlerinde Watana söýgi, ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik ýaly müdimi umumadamzat gymmatlyklary beýan edilýär. Akyldaryň döredijilik hem filosofik mirasy türkmen halkynyň milli gymmatlygydyr, şol bir wagtyň özünde-de dünýä medeniýetiniň genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegidir. Hormatly Prezidentimiz goşgulary aýdyma, sözleri dilleriň senasyna öwrülen Magtymguly Pyragynyň dost-doganlyga, ynsanperwerlige çagyryşyň owazy bolup ýaňlanýan eserleriniň döwürleri, milletleri we döwletleri baglanyşdyryp, ýakyn-alys, goňşy-garyndaş halklaryň guwanjyna öwrülendigini belleýär. Geçen 2024-nji ýylyň dowamynda beýik akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dünýäniň çar künjeginde giňden dabaralanmagy-da muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Akyldar şahyryň ömür we döredijilik ýoluny çuňňur öwrenmek boýunça ýurdumyzda amala aşyrylýan işler abraýly halkara guramalaryň, dünýä ýurtlarynyň uly goldawyna eýe boldy. Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) 2024-nji ýyly «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etdi, şahyryň golýazmalar toplumy ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizildi. Milli Liderimiz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusynda akyldar şahyryň baý döredijiligini wasp edip, dana Pyragynyň şan-şöhratyny has-da belende galdyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitaby çapdan çykdy. Täze kitapda türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döreden eserleriniň adamzat gymmatlyklaryna ýetiren täsiri, şöhratly taryhymyzyň beýany, medeniýetimiziň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandy baradaky maglumatlar beýan edilýär. Hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýip belleýşi ýaly, halkymyz ýurdumyzyň at-abraýyny belende göterýär. Häzirki wagtda tutuş dünýäde türkmen halkynyň taryhyna uly gyzyklanma bildirilýär, ýurdumyzyň döwletli döwranyna, ösüşli gadamlaryna ýokary baha berilýär. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, dana Pyragynyň parasatly pikirleri asyrlarboýy halkymyz üçin, şeýle-de beýleki halklaryň wekilleri üçin durmuş ýörelgesine öwrülip geldi. Goý, türkmen halkynyň beýik şahsyýetlerine çuňňur hormat goýýan, taryhymyzy, medeniýetimizi dünýä giňden ýaýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Şirin TOÝÇYÝEWA
Türkmen döwlet medeniýet sungat mekdebiniň mugallymy