BELENT ÜSTÜNLİKLERİŇ BEÝANY

  • 24.12.2025
  • BELENT ÜSTÜNLİKLERİŇ BEÝANY Türkmenistan Watanymyzda hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşiň üpjün edilmegine, tutuş sebit ähmiýetli taslamalaryň amala aşyrylmagyna uly gyzyklanma bildirilmegi we ykdysady ösüşe maýa goýum serişdeleriniň çekilmegi ýurdumyzyň ykdysady taýdan kuwwatlanmagynda, şol sanda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetilmeginde aýratyn ähmiýete eýedir. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan halkara Gün tertibiniň möhüm meseleleriniň oňyn çözgütlerini işläp taýýarlamaga işjeň çemeleşmek bilen, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen tagallalara möhüm goşant goşýar. Häzirki döwürde Türkmenistan ykdysady taýdan kuwwatly, durnukly ösýän döwlete öwrüldi. Muny ähli pudaklarda gazanylýan ajaýyp üstünlikleriň mysalynda aýdyň görmek bolýar.
    BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň mejlisinde Türkmenistanyň BMG-niň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin agzalygyny biragyzdan saýlanylmagy ýurdumyzyň ösüşlerine bütin dünýäde ýokary baha berilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. «Döwlet adam üçindir!» diýen baş şygarymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer ýörelgesi esasynda amala aşyrylýan beýik işler ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösmegine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir. Önümçilik kärhanalarynyň, zawoddyr fabrikleriň gurulmagy döwlet syýasatynyň ykdysady ugruny pugtalandyryp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň sebitde we dünýäde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda ynamly öňe barýandygyny görkezýär. Gahryman Arkadagymyzyň strategik öňdengörüjiligi, döwlet Baştutanymyzyň başlangyçlary esasynda ýurdumyzyň okgunly ösüşiniň binýadyny emele getirýän sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Arkadag şäheriniň we maglumat-aragatnaşyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylan häzirki zaman desgalarynyň gurulmagy sanly hyzmatlaryň durmuşymyza giňden ornaşdyrylýandygyny subut edýär. Milli ykdysadyýetimiziň yzygiderli ösdürilmegi ilatymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga şert döredýär. Halk bähbitli, döwlet, sebit, dünýä ähmiýetli şeýle ajaýyp işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

    Akmuhammet AMANOW
    Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby
    Başga makalalar