Her Täze ýyly halkymyzyň ýürek senasyna öwürjek şygar bilen garşy almak, tutuş ýylyň öňünde goýlan maksatlary bir şygaryň üsti bilen atlandyrmak indi ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Ýurdumyzda her ýylyň özüne mynasyp şygarynyň kesgitlenilmegi döwletimiziň we jemgyýetimiziň häzirki zaman ösüşiniň wajyp ugurlaryna ünsi çekmäge mümkinçilik berýär. Watanymyz hem-de halkymyz üçin möhüm ähmiýeti bolan wakalaryň giňden wagyz edilmegini üpjün edýär. Halk hojalygynyň ähli ugurlarynda täze belentliklere, belent sepgitlere sary ynamly gadam urýan ýurdumyzyň şeýle sazlaşykly ösüş ýoly hormatly Prezidentimiziň çuňňur oýlanyşykly we öňdengörüjilikli syýasatynyň guwandyryjy miwesidir. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilipdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Türkmenistanymyzda heňňamlara şan berýän, raýatlarymyzyň göwün guşuny ganatlandyryp, arzuw-umytlaryna sary ruhlandyrýan ýyllar taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýar. At-abraýa, şöhrat-şana beslenen ýurdumyzyň geljegi, şahyryň dili bilen aýdanymyzda, gül beren günleri hemra edinýär. Bu aýdymlarymyza «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» ýylymyzda durmuş ýüzünde şöhlelendirilen giň möçberli, halkyň bähbidine gönükdirilen işlere, açylyp ulanylmaga berlen kaşaň ymaratlara, döwrüň soňky gazananlary bilen üpjün edilen desgalara, dürli maksatly toplumlara, halkara derejesindäki maslahatlara, olarda öňe sürlen oňyn başlangyçlara nazar aýlanymyzda hem göz ýetirip bileris. Goý, täze, 2026-njy ýylda hem Türkmenistan Watanymyza, halkymyza rowaçlyklar, üstünlikler, ösüşler ýar bolsun. Dünýämiz abat, ýurdumyz parahat, ilimiz abadan bolsun!
Täzegül REJEPOWA Türkmen döwlet medeniýet sungat mekdebiniň mugallymy