Muzeýler-tükeniksiz baýlyk

  • 26.12.2025
  • Muzeýler-tükeniksiz baýlyk Halkymyzyň özboluşly medeni mirasy — bu aýawly saklanylyp, nesilden-nesle geçirilip gelinýän gaýtalanmajak maddy we ruhy gymmatlyklaryň bitewi ulgamydyr. Bu ägirt uly gymmatlyklar Türkmenistanyň Döwlet medeniýet muzeýiniň Döwlet muzeýinde, welaýatlardaky, etraplardaky Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýlerinde, beýik şahsyýetlerimize bagyşlanan muzeýlerde we beýleki medeni ojaklarda aýawly saklanylýar, ylmy taýdan öwrenilýär hem-de ýaş nesle ýetirilýär. Muzeýler — baýlygynyň üsti doldurylyp durlan egsilmejek genji-hazyna. Olar geçmişi şu gün hem-de geljek bilen baglanyşdyrýarlar. Muzeýler — taryhy, medeniýeti, sungaty, edebiýaty özlerinde saklaýan tükeniksiz baýlyk. Halklaryň däp-dessurlary, edim-gylymlary, medeni mirasy bilen çuňňur tanyşdyrýan mukaddes ojak — bu muzeýlerdir. Muzeýler ylmy-barlag işlerine hem işjeň gatnaşýarlar. Türkmenistan Watanymyz, sözüň doly manysynda, açyk asmanyň astyndaky gory egsilmejek, dünýäni haýrana goýýan ajaýyp muzeýdir.
    Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan häzirki we geljek nesilleriň bähbidine ählumumy ekologiýa meselelerini, şol sanda Hazar deňzi bilen baglanyşykly meseleleri netijeli çözmek başlangyçlary bilen çykyş edýär. ýurdumyz bu ugurda parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, milli we umumy bähbitleri nazara almak, sebitde deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmek, Hazarýaka döwletleriň köpasyrlyk taryhy-medeni gatnaşyklar bilen baglanyşan halklarynyň arasynda dost-doganlygy pugtalandyrmak ýörelgelerine esaslanýan syýasaty amala aşyrýar. Türkmenbaşy şäherindäki muzeý Hazar deňzi barada köp zat bilmäge kömek edýär. Tebigatyň täsinligi bolan Hazar deňzi dünýäde umman gelip çykyşy bolan iň iri içerki suw howdanydyr. Ol biziň günlerimize çenli öz ajaýyp gözelligini, baý ösümlik we haýwanat dünýäsini saklap gelen genji-hazynadyr. Onuň kenarynda ýerleşýän täsin muzeý seni bu hazyna bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik döredýär.
    Gülälek KİÇİKULOWA
    Türkmen döwlet medeniýet sungat mekdebiniň mugallymy
    Başga makalalar