«Ynamdyr dünýäň diregi!»

  • 28.12.2025
  • «Ynamdyr dünýäň diregi!» Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Ýaşasyn parahat durmuş!» atly şygrynda: «Ynamdyr dünýäň diregi!» diýýär. Garaşsyz Türkmenistanyň başlangyjy bilen şu ýyl tutuşlygyna ýagşy niýetinde beslendi. Sebäbi şu ýylyň adynda ýagşy niýet, iň bir päk arzuwlar bar. Parahatçylyk we ynanyşmak. Bu sözler barada pikir edeniňde, ilkinji nobatda, Gahryman Arkadagymyzyň «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly ýörelgesi hakyda gelýär. Çünki ynanyşmak — dialogyň miwesi. Dialog bolmadyk ýerde, ýagny kalplar sözlemedik ýerde ynam öz ornuny ymykly eýeläp bilmeýär. Hut şonuň üçin-de Türkmenistanyň teklibi bilen şu ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi zeminiň häzirki we geljekki nesilleriniň abadan durmuşynyň hatyrasyna ähli ynsanlary, ähli ýurtlary birek-biregiň ýüregini diňlemäge, dialoga çagyryş bar. Has takygy, bu ýylyň adynda Milli Liderimiziň ynsanperwerlik filosofiýasy bar. 2025-nji ýylyň dünýä derejesindäki hem-de Türkmenistanyň milli şygarynyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Ýylyň şygarynyň mazmunyna görä öňde durýan wezipeleri amala aşyrmak bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet topary döredildi. Şu şanly ýyl halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga, milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň, şol sanda ulag ulgamyndan düzgünnamalarynda kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine gönükdirilen toplumlaýyn özgertmeleriň netijeli amala aşyrylan ýyllaryň biri boldy. 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hemişelik Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň dünýä bileleşiginiň umumy ykrar edilen ýörelgeleri bilen sazlaşykly utgaşýandygyny ýene bir gezek tassyklady.

    Döwletgeldi ÝUSUPOW
    Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyby
    Başga makalalar