TÄZE ÝYL JADYLY BAÝRAM

  • 31.12.2025
  • TÄZE ÝYL JADYLY BAÝRAM Täze ýyl baýramy barada söz açylsa, ilki bilen, ýadymyza düşýän zatlar Aýazbaba, Garpamyk hem baýramçylyk üçin bezelen ajaýyp arçadyr. Şolar bilen bir hatarda gar adamlar hem hakydamyzyň bir burçunda öz ornuny tapandyr. Gar adamyň iň gadymy suraty Uelsiň Milli kitaphanasynda ýazga alnypdyr. Surat 1853-nji ýylda düzülipdir. Ýaponiýada bir sagadyň içinde ýasalan iň köp gar adamy Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Ol ýerde altmyş minutda 2036 sany gar adamy ýasaldy. Topar 1406 gatnaşyjydan ybarat boldy we bu wakanyň teleýaýlyma düşürilişinde hatda aktýorlar hem ýazga gatnaşdy. Gar adamlaryny ölçemek we sanamak işi Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynyň kazysynyň we dört şaýadyň iki sagat wagtyny aldy. Bu ýerdäki gözegçileriň 30-sy bolsa gatnaşyjylaryň hiç hili gural ulanmazlygyny üpjün etdi. Täze ýyl ― ýagşy dilegleriň, arzuwlaryň, umytlaryň baýramy. Ynsany ýaşaýşa baglaýan hem şol güýçlerdi. Baýramçylykda birek-birege süýji-süýji arzuwlar edilýär. Täze 2026-njy ««Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyl hemmelere tükeniksiz bagt getirsin! Halkymyz «At-myrat» diýilýär. Täze ýyl ählimizi myradymyza ýetirsin. Täze, 2026-njy ýylyňyz düşümli bolsun! Goý, Täze ýyl baýramçylygynyň bezeg öwüşginlere baky dowamat-dowam bolsun!

    ÝELENA ZAWODÇİKOWA
    Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň lukmançylyk fizikasy we informatikasy kafedrasynyň uly mugallymy

    Başga makalalar