ÖSÜŞİŇ BATLY DEPGİNLERİ

  • 12.01.2026
  • ÖSÜŞİŇ BATLY DEPGİNLERİ Ajaýyp zamanamyzda ýurdumyzdaky döwrebap obadyr kentleri, olardaky uzaboýuna uzap gidýän arassa hem giň köçeleri synlanyňda, abadan durmuşyň lezzetine has-da çuňňur düşünýärsiň. Edil şonuň ýaly, paýtagtymyzda we welaýatlarda gurlup ulanmaga berlen desgalardyr kaşaň medeni-durmuş maksatly binalaryň bosagasyndan girip-çykýan her bir türkmenistanlynyň kalbynda ata Watanymyzda buýsanç, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan çuňňur hoşallyk duýgulary bar. Döwletimiziň at-abraýyny ýokary derejä ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary, döwletli tutumlary bilen ata Watanymyz kuwwatly döwlete öwrüldi. Milli ykdysadyýetimiziň yzygiderli ösdürilmegi ilatymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga şert döredýär. Jemi içerki önümiň durnukly ösüşiniň üpjün edilmegi ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň görkeziji bolup hyzmat edýär. Milli we döwlet maksatnamalarynyň, sebit hem halkara ähmiýetli iri taslamalaryň netijeli durmuşa geçirilmeginde gurluşyk-senagat toplumyna kesgitleýji orun degişlidir. Ýurdumyzyň ähli künjegini gurşap alan ägirt uly gurluşyklar berkarar Watanymyzyň diňe bir ykdysady kuwwatynyň däl, eýsem, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet syýasatynyň durmuş ugurlydygynyň aýdyň görkezijisidir. Iri özgertmeleriň döredijilik nyşany bolan Aşgabat dünýäniň iň gözel we amatly şäherleriň biri, Merkezi Aziýanyň merjeni hökmünde ykrar edildi. Ajaýyp ýadygärlikleri we gaýtalanmajak binagärlik çözgütleri bilen hemmeleri haýrana goýýan ak mermerli paýtagtymyzyň ösdürilmegi döwlet ösüşiniň ilkinji nobatdaky wezipeleriniň hatarynda kesgitlenendir. Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäherine abraýly sylaglaryň gowşurylmagy 2025-nji ýylyň möhüm wakalarynyň biri boldy. Häzirki wagtda şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygy batly depginde alnyp barylýar. Bu iri taslamanyň başyny başlan Gahryman Arkadagymyz amala aşyrýan iş saparlarynyň çäklerinde 2024 ― 2052-nji ýyllarda şäheri ösdürmek boýunça kabul edilen Konsepsiýa laýyklykda, bu ýerde alnyp barylýan işleri yzygiderli gözegçilikde saklaýar. Binagärligiň, gurluşygyň innowasion çözgütleriniň hem-de sanly tehnologiýalaryň sazlaşygyny özünde jemleýän bu «akylly» şäher Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp nyşanyna öwrüldi.

    Arslan GURBANOW
    Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň «Gidroizolýasiýa we posa garşy gorag» barlaghanasynyň baş hünärmeni
    Başga makalalar