«Bedew at menzil keser»

  • 17.01.2026
  • «Bedew at menzil keser»

    Ahalteke bedewlerimiz baý milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegi, halkymyzyň telwasly köňlüniň uçar ganatydyr. Biz muny 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilen ýylymyzyň şygarynda hem aýdyň görýäris. Ahalteke bedewi dünýäniň iň gözel tebigatly şertleriniň birinde ― Köpetdagyň eteginde kemala gelipdir. Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy bilen bu ýerde Arkadag şäheri guruldy, Milli Liderimiziň başlangyjy esasynda ol ýerde dünýäde ýeke-täk Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy hem döredildi. Akademiýada atçylyk ulgamynda ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewlerini ýetişdirmekde we seýislemekde halkymyzyň gadymdan gelýän köpasyrlyk däplerini dowam etdirjek, täze taryhy eýýamda pudagy ösdürmäge, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga, ganatly bedewleriň şan-şöhratyny artdyrmaga mynasyp goşant goşjak ýokary derejeli hünärmenler taýýarlanylýar. Şeýle-de täze şäherde enjamlaşdyrylyşy halkara ülňülerine doly laýyk gelýän Atçylyk ylmy-önümçilik merkezi guruldy. Bu şäheriň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki hem halkyň hyzmatynda Köpetdagyň ajaýyp dag eteklerinde ýerleşýän täze şähere barýarkaň ahalteke bedewleriniň hormatyna dikeldilen ýadygärliklere, «Ak han» binasyna akylyň haýran galýar. Ahalteke atlary gaýtalanmajak gözelligi, ajaýyplygy, ýyndamlygy, çeýeligi we çydamlylygy bilen dünýäde şan-şöhrata eýe bolýar. Waspy belentden ýetirilýän behişdi bedewlerimiz halkymyzyň milli buýsanjy bolmak bilen, umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna goşan çäksiz goşandydyr. Häzirki döwürde ahalteke bedewleri ýurdumyzyň baş nyşanyna, döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygynyň, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň döredijilik kuwwaty bilen täze belentliklere tarap öňe gitmeginiň aýdyň beýanyna öwrüldi.

    Söhbet ÇARYÝEW
    Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň Atçylyk we seýisçilik kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi

    Başga makalalar