Nebitgaz toplumynyň ösüşinde sanly ulgam

  • 20.01.2026
  • Nebitgaz toplumynyň ösüşinde sanly ulgam Nebitgaz pudagyny giň gerimde ösdürmäge we onuň halkara energetika ulgamyna işjeň goşulyşmagyna gönükdirilen syýasat üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýatlap geçsek Türkmenistan ― Owganystan ― Pakistan ― Hindistan gaz geçirijisiniň esasy tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat ― Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga berilipdi. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän iri taslamalar, ulanmaga berilýän, gurluşygy alnyp barylýan desgalar milli ykdysadyýetimizi pugtalandyrmaga, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge, şeýle-de, sebitiň ýurtlarynyň halklaryny iş bilen üpjün etmäge, şonuň bilen birlikde olaryň ykdysady taýdan galkynmagyna ýardam edýär. Nebitgaz toplumynyň ösüşinde sanly ulgam we maglumat tehnologiýalary möhüm orny eýeleýär. Hut şu nukdaýnazardan-da, döwletimiziň depginli ösüşini artdyrmak we şol sanda durmuş-ykdysady ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy hereket edýär. Oňa laýyklykda ýurdumyzyň dürli pudaklarynda, şol sanda nebitgaz ulgamynda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak boýunça yzygiderli işler amala aşyrylyp, milli ykdysadyýetimiziň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak boýunça giň gerimli çäreler amala aşyrylýar. Häzirki döwürde türkmen energiýa serişdelerine bildirilýän isleg barha artýar, şoňa görä-de, dünýä belli kompaniýalar we maliýe düzümler bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmäge çalyşýarlar. Türkmenistanyň tebigy gazyň eksportyny köpugurly esasda ösdürmek strategiýasy uglewodorod serişdelerini çykarmak mümkinçilikleriniň artdyrylmagyndan ugur alar. Ýurdumyzda tebigy gazyň gaýtadan işlenilmegine, dünýä bazarynda isleg bildirilýän önümleriň öndürilmegine uly üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwrebap gaz toplumlary gurlup ulanmaga berilýär.Energiýa serişdeleriniň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän «Galkynyş» gaz käniniň ýurdumyz üçin örän uly ykdysady ähmiýeti bar. Bu käniň tapgyrlaýyn özleşdirilmegi türkmen tebigy gazyny halkara bazarlara ibermegiň gerimini giňeltmekde täze mümkinçilikleri açýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan öz tebigy baýlyklaryny diňe bir milli bähbitlere däl, eýsem, sebit we dünýä halklarynyň abadan durmuşyny üpjün etmäge hem gönükdirmäge çalyşýar. Pudagyň eksport mümkinçiliklerini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, köpugurly turbageçirijiler ulgamyny döretmek döwletimiziň energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

    Leýli ÝALKABOWA
    Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň talyby
    Başga makalalar