Bedewlerimiz — uçar ganatymyz

  • 20.01.2026
  • Bedewlerimiz — uçar ganatymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ýurdumyzyň ähli taraplaýyn ösüşleri bedew badyny deňelýär. Syýasatda, ykdysadyýetde, bilimdir saglygy goraýyşda, medeniýetdir sportda asyrlara barabar ösüşler amal edilýär. Ajaýyp ahakteke bedewleri halkymyzyň müňýyllyklaryň içinden geçirip, häzirki günlerimize ýetiren gaýtalanmajak sungat eseridir. Dünýäde gözelligiň simwoly hökmünde haýsydyr bir gözelligi kabul etmeli bolsa, ol, megerem, ajaýyp ahalteke bedewimiz, bolardy. 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmeginde uly many bar. Gahryman Arkadagymyzyň mähriban atasy Berdimuhamet Annaýewiň dogany Aba Annaýew ýaly ahalteke bedewleriniň ugurbaşy tohumlaryny seýisläp ýetişdiren meşhur seýisleriň tagallasy bilen, bedewlerimiziň gözellik keşbi, ýyndamlygy, ynsansypat häsiýetligi, syzgyrlygy, duýgurlygy, eýesine wepalylyk häsiýeti saklanylyp, ösdürilip gelindi. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlamagy bilen, 2010-njy ýylda ştab-kwartirasy paýtagtymyz Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy döredildi. Assosiasiýa özüne dünýä ýurtlarynda ahalteke atlaryny seýisläp, idedip ýetişdirýän assosiasiýalary, hususy taraplary, atşynaslary we beýlekileri birleşdirdi. Şeýlelikde, ahalteke bedewlerini gorap saklamak, olaryň baş sanyny köpeltmek, tohumçylyk-seleksiýa işlerinde özara tejribe alyşmaga, ösen tejribeleri ýaýratmaga mümkinçilik berdi. Şu maksat bilen, Assosiasiýanyň her ýylda ýurdumyzda giňden bellenilip geçilýän Türkmen bedewiniň gününe gabatlanyp, dünýä ýurtlaryndan gelen agzalarynyň gatnaşmagynda mejlisi geçirilýär.
    Şeýle-de, ajaýyp döwrümizde ata-babalarymyzyň döreden seýisçilik-çapyksuwarlyk, atşynaslyk mekdebini ylmy esaslarda dowam etdirjek ýaş hünärmenleri taýýarlamak üçin Arkadag şäherinde bolsa Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy döredildi. Biz milli gymmatlyklarymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza uzak ömür, jan saglyk, döwletli başlangyçlarynda üstünlik arzuw edýäris.

    Jennet KULAŞOWA
    Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň talyby
    Başga makalalar