Eziz Watanymyzy senagatlaşdyrmak babatda ýaýbaňlandyrylan iri maksatnamalaryň çäklerinde elektrik üpjünçilik talaplaryna laýyk gelýän iri senagat kärhanalary, durmuş we beýleki maksatly desgalar ulanmaga berilýär. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde dünýä belli önüm öndürijileriň iň täze enjamlary bilen enjamlaşdyrylan gaz turbinaly döwrebap elektrik stansiýalary, elektrik geçiriji ulgamlar, elektrik paýlaýjy beketler gurulýar, paýtagtymyzyň, beýleki şäherleriň, ilatly ýerleriň energiýa üpjünçilik ulgamy täzelenilýär. Geçen ýyl ýurdumyzda hereket edýän bitewi energiýa ulgamyny halkalaýyn birleşdirmek boýunça işler üstünlikli tamamlandy. Mälim bolşy ýaly, içerki elektrik ulgamlarynyň kadaly işlemegi we zerurlyk dörän ýagdaýynda, elektrik energiýasynyň gerekli ugra paýlanylmagy üçin amatly şertleri döretmek bilen möhüm işler amala aşyryldy. Halkalaýyn energiýa ulgamy welaýatlaryň we paýtagtymyzyň energiýa ulgamlarynyň arasyndaky özara baglanyşygyň, ätiýaçlygyň üpjün edilmeginiň hasabyna milli energiýa torunyň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Soňky ýyllarda energetika senagatynyň önümçilik kuwwatynyň ep-esli artmagy diňe bir ýurdumyzyň energetika garaşsyzlygyny kepillendirmek babatda däl, eýsem, elektrik energiýasyny, ilkinji nobatda, goňşy döwletlere eksport etmek mümkinçiliklerini-de düýpli giňeldýär. Durmuşa geçirilýän iri halkara taslamalar, şol sanda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamyň çekilmegi hem şu maksatlara gönükdirilendir. Bu taslama diňe bir goňşy Owganystanda durnuklylygyň we howpsuzlygyň berkidilmegine däl, eýsem, tutuş sebitiň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösmegine-de ýurdumyzyň goşan uly goşandy bolar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän energetika syýasaty milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan nebitgaz senagatyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge we onuň halkara derejesindäki energetika ulgamyna okgunly goşulyşmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzda bu pudakda durmuşa geçirilýän iri maýa goýum taslamalary diňe bir ykdysady ähmiýete eýe bolman, eýsem, sebit we ählumumy energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmakda-da möhüm wezipäni ýerine ýetirýär.
Güljahan GURBANÝAZOWA Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň talyby