Taryhyny geçmişiň çuňluklaryndan alyp gaýdýan merdana halkymyz gadymy wagtlardan bäri bedewleri özüniň ýakyn dosty, gardaşy hasaplap gelipdir. Parfiýanyň paýtagty Täze Nusaýda gazuw-agtaryş işleri geçirilende tapylan taýçanagyň şekili, Goňurdepe gonamçylygyndan tapylan taýçanagyň süňkleri şol döwürde-de ahalteke bedewleriniň gadyr-gymmatynyň ýokary bolandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Orhon – Ýeniseý daş ýazgylarynda ýerleşdirilen çapyksuwaryň keşbi, Altyndepeden tapylan atyň şekili ýerleşdirilen heýkeller bedewleriň taryhy keşbine ýene-de bir subutnama bolup durýar. Ahalteke bedewleriniň taryhy wekilleriniň biri bolan Absent Olimpiýa oýunlarynda birnäçe gezek ýeňiş gazanmak bilen türkmen bedewleriniň at-owazasyny, şan-şöhratyny has-da belende göterip dünýäniň nazaryny özüne bakdyrypdyr. Gadym döwürlerde her bir türkmeniň howlusynda iň bolmanda bir aty görmek bolýan eken. Täze bolan taýçanaga at goýmak bolsa, ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän taryhy hem milli däp hasaplanýar. Meleguş, Şagadam, Gerçek, Peýkam, Dagly, Toýçy, Ýeňiş, Wepaly, Dordepel, Garlawaç ýaly atlar bedewlere dakylýan ýörgünli atlar hasaplanýar. Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri bedewlere uly sarpa goýup gelipdir. “Irden tur ataňy gör, ataňdan soň atyňy” diýýän halkymyz bedewleri atadan soňky ikinji mukaddeslik hasaplapdyr. Bedew türkmeniň buýsanjy, bedew türkmeniň guwanjy, bedew türkmeniň ganaty.
Türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekilleri özleriniň döreden goşgularynda bedewleri şahyrana ussatlyk bilen wasp etmegi başarypdyrlar. Dana şahyrymyz Magtymguly Pyragy:
Bedew diýgeç, hemme bedew deň bolmaz,
Çyn bedewler meýdanynda bellidir.
– diýip, gaty jaýdar belläp geçýär. Bu goşgy setirleriniň üsti bilen dana şahyrymyz bedewleriň ýyndamlygyny, çalasynlygy aýlawlarda subut edýändigini aýdýar. Ýurdumyzda ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek we olary seýislemek bilen meşgullanýan, milli gymmatlyk hökmünde nesilden-nesle geçirilip gelinýän atlaryň nesil ugruny mynasyp dowam etdirýän ussat atşynaslar, seýisler ulydan sarpalanylýar. Olaryň ahalteke atlaryny ösdürip ýetişdirmek boýunça çekýän asylly zähmetine mynasyp baha hökmünde olara «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy», «Türkmenistanyň halk atşynasy» «Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary» şeýle hem «Türkmenistanyň ussat halypa seýsi» diýen hormatly atlar dakylýar.
Maksatmyrat ÇARWAÝEW
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň talyby