Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistan özüniň okgunly ösüşi bilen öňe barýar, ýurdumyzda ylym, bilim syýasatyny mundan beýläk-de düýpli kämilleşdirmek, orta we ýokary okuw mekdeplerinde berilýän bilimiň hilini we derejesini dünýa ülňülerine laýyklykda ýola goýmak, döwrebap okuw kitaplaryny, gollanmalary taýýarlamak, täze tehnologiýalaryny, tehnikalaryny, kompýuterlerini ylym-bilim ulgamlaryna ornaşdyrmak babatda öňde goýlan wezipeler aýgytly depginler bilen durmuşa ornaşdyrylýar. Türkmenistan döwletimiz adamzadyň parahatçylyk we ynsanperwer ýörelgeleriniň has-da baýlaşdyrylýan, sagdyn-durmuş ýörelgeleriniň giňden ornaşdyrylýan ýurdudyr. Häzirki ajaýyp döwürde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda yurdumyz beýik ösüşlere beslenýär. Halkymyz abadan, bagtyýar durmuşda ýaşaýar. Medeni gymmatlyklarymyzy dünýä ýüzünde giňden wagyz etmek Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda yzygiderli ösdürilýär. Biziň ata-babalarymyz maddy we ruhy gymmatlyklary döredip, olary asyrlar boýy sünnäläp halkymyza ýetirmekde ägirt uly işleri ýerine ýetirdiler. Şolaryň nesilden-nesile aşyryp ýetiren ruhy, medeni gymmatlyklary biziň dür hazynamyzdyr. Edebi mirasymyzyň her bir çeşmesi türkmen ýaşlaryna gönezlik mekdebidir. Hormatly Prezidentimiziň ata-babalarymyzyň asylly däbine eýerip alyp barýan ynsanperwerlik, parahatçylyk taglymaty Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň dünýä ýüzündäki at-abraýyny günsaýyn belende galdyrýar. Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän türkmen topragy dünýä halklarynyň söýgüli mekanyna, ylmyň-bilimiň yzygiderli ösýän merkezine, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň rowaçlyklara beslenýän ýerine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletiň gymmatly baýlygy bolan adam baradaky aladalary hemişe bolşy ýaly, döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolmagynda galýar. Türkmenistan goňşy döwletler bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny we işewür hyzmatdaşlyklary netijeli ösdürýär.
Yhlasmuhammet ANNAMUHAMMEDOW Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň talyby