Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhaslary esasynda her bir güni, her aýy, ýyly örän möhüm syýasy, ykdysady, medeni hem-de jemgyýetçilik wakalaryndan doly täze taryhy döwürde ata-babalarymyzyň jemgyýetimizi birleşdirýän milli döwleti döretmek baradaky arzuwlaryny goldanyp, demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň binýatlary berkidilýär. Türkmenistany dünýäniň durnukly ösýän döwletleriniň birine öwürmek boýunça tapgyrlaýyn işler amala aşyrylýar. Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesi hemişe parahatçylyk söýüjilik we hoşmeýilli goňşuçylyk däplerine wepaly bolan türkmen halkynyň gadymy milli däpleriniň özboluşly döwrebap dowamydyr. Ajaýyp döwürde hormatly Prezidentimiziň döwletimiziň syýasy, durmuş-ykdysady we gumanitar ugurlar boýunça düýpli özgertmeleri amala aşyrmagy, jemgyýetçilik durmuşyny yzygiderli ösdürmegi, milli ruhdaky demokratiýanyň ähmiýetini artdyrmagy, dünýä ýurtlary bilen özara bähbitli we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmagy we netijeli ösdürmegi halkymyzyň buýsanjyny has-da belende galdyrýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz — asudalygyň mekany. Ýurdumyzda azatlyk, erkinlik, demokratiýa baradaky sagdyn taglymatlara we täze ideologiýa şeýle asuda, agzybir ýaşaýşyň, sapaly zamananyň röwşen ýyldyzy bolup parlaýar. Bu beýik ösüşleriň, ýeňişleriň, özgerişleriň, ägirt uly galkynyşlaryň zamanasynda ýaşaýarys. Biz şu parahat zamanada belent ruhubelentlik bilen üstünlikden-üstünlige, täze-täze ösüşlere, ägirt uly ýeňişlere barýarys. Bu biziň üçin egsilmez bagtdyr we beýik mertebedir. Parahatlyk we asuda, bagtyýar ýaşaýyş arzuwy halkymyzyň köňül matlaby bolup bu gün aýdyň öz beýanyny tapýar. Her bir ugurda öňe gidişlikler öz miwesini berýär. Biz ýaşlaryň geljekde watansöýüji, ynsanperwer, maksadaokgunly, gujurly, edenli, salyhatly ýaşlar bolup watanyň abraýyny belende alyp gitjek nesiller boljakdygyna çyn ýürekden ynanýarys. Olaryň her biriniň ýüreginde watan mukaddesligi, onuň ezizligi, gözümiziň göreji ýaly watany gorap, nesillerden-nesillere ýetirmeli binýatdygyny duýup bilýän ýaşlar boljakdygyna çyn ýürekden ynanýarys. Şeýle ýaşamaga, döretmäge giň mümkinçilikler bar zamanynda Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza minnetdarlygymyzy bildirýäris. Goý, ajaýyp döwri peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň diňe rowaçlyklara ýar bolmagyny arzuw edýäris.
Guwanberdi SAPAROW Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň talyby