Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhaslary esasynda, ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler giň gerimi hem-de täzeçilligi bilen tapawutlanýar. Bu özgertmeler döwlet hem jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryny, şol sanda energetika pudagyny hem gurşap alýar. «Döwlet adam üçindir!» diýen baş şygarymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer ýörelgesi esasynda amala aşyrylýan beýik işler ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň, şol sanda energetika pudagynyň ösmegine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir. Önümçilik kärhanalarynyň, zawoddyr fabrikleriň gurulmagy döwlet syýasatynyň ykdysady ugruny pugtalandyryp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň sebitde we dünýäde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda ynamly öňe barýandygyny görkezýär. Energetika pudagynynda täze önümçilikleri döretmek boýunça hem netijeli işler durmuşa geçirilýär. Dünýäniň ösen ýurtlarynda öndürilýän tehnikalar we innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen döwrebap kärhanalaryň köp sanlysynyň gurlup ulanmaga berilmegi, önümçilik hem durmuş maksatly binalaryňdyr desgalaryň gurluşygyna, tebigy baýlyklarymyzy özleşdirmäge daşary ýurt maýa goýumlarynyň işjeň çekilmegi ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň gyradeň hem sazlaşykly ösdürilmegini üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Türkmenistan öňdebaryjy ýurtlar, ýöriteleşdirilen halkara guramalar, şol sanda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentlik, Halkara energetika hartiýasy we beýleki halkara agentlikler bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär. Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän üstaşyr ulag we energetika geçelgelerini gurmaga hem işjeň gatnaşýar. Ýakyn onýyllyklarda Türkmenistan Ýewraziýada ulag we energetika ulgamlarynyň geçýän esasy ýurtlarynyň birine öwrüler.
Şemşat AMANGULYÝEWA Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Aşgabat energetika orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy