Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda ýokary netijeli sporty ösdürmek boýunça başlangyçlary üstünliklere beslenýär hem-de giň halkara goldawyna eýe bolýar. Gahryman Arkadagyzyň nygtaýşy ýaly, bedenterbiýe we sport ulgamyny ösdürmek ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Toplumlaýyn çäreleriň geçirilmegi netijesinde, sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmek milli taglymata, adamlary birleşdirýän hem-de Watanymyzyň okgunly ösüşine ýardam berýän kuwwatly jebisleşdiriji güýje öwrüldi. Döwlet Baştutanymyz tarapyndan bu ugurda öňe sürilýän başlangyçlar ildeşlerimiziň gyzgyn goldawyna hem-de halkara bileleşiginiň giň ykrarnamasyna eýe bolýar. Ýurdumyzda guralýan giň gerimli sport ýaryşlary Watanymyzyň dünýä derejesinde abraýynyň ýokarlanmagynda uly ähmiýete eýedir. Halkara sengataçylar we telekeçiler uniwersitetinde biz talyp ýaşlarynyň sport bilen meşgullanmaklarymyza hem uly mümkinçilikler döredilen. Häzirki döwürde ýurdumyzda sportuň ähli görnüşleriniň, şol sanda futbolyň sazlaşykly ösdürilmegine giň ýol açýar. 2023-nji ýylda döredilen Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň esasy düzümini emele getirýän «Arkadag» futbol toparynyň gazanýan beýik üstünlikleri, ýurdumyzyň sport abraýyny barha artdyrýar. «Arkadag» futbol toparynyň Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynyň çempiony bolmagy bolsa biz — ýaşlary has-da buýsandyrdy. Bularyň ählisi ata Watanymyzyň sport ulgamyny düýpli kämilleşdirmekde, köpçülikleýin bedenterbiýäni giň gerimde ösdürmekde, aýratyn hem, halkara derejesinde ussat türgenleri taýýarlamakda, berk bedenli, sagdyn ruhly kämil şahsyýetleri kemala getirmekde uly ýardam edýär. Ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeklerine giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!
Ata AMANDURDYÝEW Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň talyby