«WASPYŇ SENA BOLDY DILLERE, BEDEW!»

  • 24.01.2026
  • «WASPYŇ SENA BOLDY DILLERE, BEDEW!» Her bir halk özüni dünýäniň medeni mirasyna goşan maddy we ruhy gymmatlyklary bilen tanadýar. Asyrlaryň we eýýamlaryň dowamynda türkmen halky hem ençeme gymmatlyklary döredip, dünýäniň altyn hazynasyny baýlaşdyran beýik halkdyr. Şol gymmatlyklaryň iň naýbaşysy hem behişdi ahalteke bedewidir. Halkymyzdaky «At-myrat», «Atym bar — ganatym bar», «At rysgaly alnynda», «Irden turda ataňy gör, ataňdan soň atyňy» diýen paýhasly nakyllar, atalar sözleri hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň Halk atşynasy, Baş Halypamyz Gahryman Arkadagymyz «At-türkmen üçin ähli zat» diýip belleýär. Bu gün ýer ýüzünde türkmen diýilende islendik adamyň göz öňünde türkmeniň bedew aty janlanýar. Türkmeni bedew atsyz göz öňüne getirmek hem mümkin däl. Şonuň üçin halkymyz elmydama atyň üstünde bolupdyr. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen behişdi bedewlerimiziň şan-şöhraty has-da belentliklere göterildi. Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp goşgusyndan ugur alnyp atlandyrylan 2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» Gahryman Arkadagymyzyň 2007-nji ýylda döredip beren «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda Baş baýraga, altyn kuboga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp bolup, dünýäniň 6 gezek çempiony diýen belent derejä eýe bolmagy bilen başlap, ähli ulgamlarda gazanylan beýik üstünlikler bilen tamamlanyp bedewlerimiziň toýnak sesleri— parahatçylygyň simfoniýasy bolup ýaňlandy. Hormatly Prezidentimiziň halkymyza täze ýyl gutlagynda «2026-njy ýyl — Gündogar müçenamasy boýunça ýylky, ýagny bedew ýyly. Türkmen halky öz arzuwlaryny, belent maksatlaryny ahalteke bedewleri bilen baglanyşdyrýar. Ahalteke bedewi biziň buýsanjymyzdyr, şöhratymyzdyr.» diýip bellemegi ähli türkmen halkyny buýsandyrdy. Çünki bedew at — bizi maksat-myradymyza ýetirýär. Ata-babalarymyzdan miras galan aýdymlarda, dessanlarda, rowaýatlarda, atalar sözlerinde bedew ata uly orun berilýär. Biz muny 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilen ýylymyzyň şygarynda hem aýdyň görýäris.

    Söýenç AHMEDOW
    Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymy, akademiýanyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy

    Başga makalalar