Özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, maýa goýum ýagdaýyny gowulandyrmak, ygtybarly we howpsuz aragatnaşygy üpjün etmek, ýokary girdejili, ekologik taýdan arassa tehnologiýalary çekmek üçin amatly şertleri döretmek kenarýaka döwletleriň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy sebitiň mineral-çig mal, biologik, şypahana-dynç alyş, syýahatçylyk mümkinçiliklerini peýdalanmaga toplumlaýyn hem-de oýlanyşykly çemeleşmegiň nusgasy bolup hyzmat edýär. bu dynç alyş zolagy bejeriş-sagaldyş, ekologiýa syýahatçylygyny ösdürmek üçin uly mümkinçiliklere eýedir. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, gojaman Hazaryň türkmen kenarynda ekologik taýdan durnukly ösdürilýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy dünýäniň ähli döwletleri bilen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we oňyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmäge gönükdirilen toý-baýramlaryň, halkara maslahatlaryň, resmi duşuşyklaryň geçirilýän ýerine öwrüldi. Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2025-nji ýylda şu gözel künjekde üstünlikli geçirilmegi hem munuň aýdyň mysalydyr. Hazar deňziniň ygtybarly ekologik goraglylygyny, onuň umumy abadançylygyň, ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän mümkinçiliklerini ösdürmegi üpjün etmekde halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmek zerurdyr. Ýewropa — Kawkaz — Aziýa halkara ulag geçelgesiniň deňiz, howa we awtomobil ýollarynyň çatrygynda amatly çäkde ýerleşen, örän baý uglewodorod, balyk hem-de beýleki serişdeleri, amatly howa şertleri Hazar sebitini okgunly ösýän senagat, ulag we şypahana merkezine öwürýär. Dünýä ykdysadyýetinde bu sebite möhüm orun degişlidir.
Aýlar AKMÄMMEDOWA Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň talyby