TEBİGY WE YKDYSADY MÜMKİNÇİLİKLER

  • 26.01.2026
  • TEBİGY WE YKDYSADY MÜMKİNÇİLİKLER Türkmenistan tebigy gazy düýpli we toplumlaýyn gaýtadan işlemegi uly ugur edinmek bilen, energiýa serişdelerini iri iberiji hökmünde dünýäniň energetika bazarynda eýeleýän ornuny diňe bir berkitmän, harytlar düzüminiň energetika eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmagyň, halkara energiýa işewürliginiň täze görnüşlerini işjeň ösdürmegiň hasabyna bu işlere gatnaşmagyny hem hil taýdan özgerdýär. Ýurdumyz ykdysadyýetde, şol sanda ýangyç-energetika pudagynda hyzmatdaşlyk üçin örän uly mümkinçilikleri döredýän kuwwatly serişdeler binýadyna eýedir. Ýangyç-energetika toplumyny düýpli ösdürmegiň esasy düzüm bölekleri bolan milli gazhimiýa we nebiti gaýtadan işleýän pudaklaryň geljekki ösüş meýilnamalary ekologik ugurlar bilen berk baglanyşyklydyr. Türkmenistanda tebigy serişdeler özleşdirilende, olar rejeli ulanylýar, daşky gurşawy goramak babatda yzygiderli alada edilýär, sebitiň we dünýäniň energetika howpsuzlygy bilen bagly meseleler boýunça wajyp halkara başlangyçlar durmuşa geçirilýär. Ekologik kadalaryň berjaý edilmegine aýratyn ähmiýet berilýän senagat düzümleriniň ulanmaga berilmegi munuň aýdyň güwäsidir. Pudagyň çig mal binýadyny pugtalandyrmak, täze ýataklary, şol sanda Hazar deňziniň türkmen böleginde hem-de kenarýaka zolagynda, Amyderýa sebitinde, Merkezi Garagumda we ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde täze känleri senagat taýdan özleşdirmek meseleleri üstünlikli çözülýär. Bu möhüm pudakda giň möçberli taslamalary öňe sürmek we olary amala aşyrmak arkaly ýurdumyz sebitara we halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine, häzirki döwrüň ýagdaýyna we talaplaryna kybap gelýän energiýa howpsuzlygynyň bitewi binýadynyň döredilmegine özüniň mynasyp goşandyny goşýar.
    Dünýäniň iň iri energetika döwletleriniň biri hökmünde Türkmenistan özüniň ägirt uly tebigy we ykdysady mümkinçiliklerini häzirki we geljekki nesilleriň bähbitleri üçin ulanmagyň ýokary nusgasyny görkezýär. Dünýä syýasatynyň derwaýys meseleleri boýunça hormatly Prezidentimiziň oňyn garaýyşlary we teklipleri sebitleýin hem ählumumy derejede özara gatnaşyklaryň iň amatly ugurlarynyň işlenip taýýarlanylmagyny şertlendirýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz sebit we umumadamzat ähmiýetli köpugurly iri taslamalary durmuşa geçirýär.

    Bahar BAÝGELDİÝEWA
    Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň talyby
    Başga makalalar