Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ykdysady özgertmeleriň durmuşa geçirilmeginde hususy ulgama möhüm orun degişlidir. Bu ulgam ýokary hilli harytlary, hyzmatlary hödürlemek bilen, azyk, çaphana önümleriniň, gurluşyk serişdeleriniň, amaly-haşam sungatynyň önümleriniň we beýlekileriň önümçiligine maýa goýumlary gönükdirýär. Hususy önüm öndürijiler oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan özgertmelere uly goşantlaryny goşmak bilen, pudaga suw tygşytlaýjy ulgamlary, ylmyň soňky gazananlaryny, döwrebap tejribeleri ornaşdyrýarlar, ekologik taýdan arassa gök önümleri, miweleri ösdürip ýetişdirýärler. Döwletimiz dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalaryndan häzirki zaman tehnikalaryny satyn almak üçin ýeňillikli karzlary berýär. Bu bolsa topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga, bol hasyl almaga, netijede, hususy azyk kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmaga oňyn täsirini ýetirýär. Telekeçiler ýyladyşhanalarda gök-bakja ekinlerini, ýurdumyzyň eksport edýän azyk harytlarynyň arasynda uly paýy bolan pomidorlary, importyň ornuny tutýan tropiki miweleri ýetişdirmekde baý tejribe topladylar. Ýurdumyzda amala aşyrylýan ösüş maksatnamalary hem-de özgertmeler, telekeçiler üçin döredilen amatly şertler nazara alnanda, guwandyryjy üstünlikleri gazanmaklary täze mümkinçilikler bar. Şunda nebitgaz, elektroenergetika, gaýtadan dikeldilýän energetika, ulag-kommunikasiýa pudaklary, obasenagat toplumy, ýokary tehnologiýalar ulagmy geljegi uly ugurlardyr. Häzirki döwrüň özboluşly aýratynlygy hem ylym-bilim ulgamynyň has oýlanyşykly ösdürilmegine, ykdysady kuwwatyň ylmy taýdan esaslandyrylyp, netijeli ulanylmagynda, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş üpjünçiliginiň ýokarlandyrylmagynda, saglygy goraýyş, syýahatçylyk we beýleki ulgamlaryň işiniň kämilleşdirilmeginde has-da aýdyň duýulýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda gazanylýan üstünlikler, bolup geçýän şatlykly wakalar biziň her birimiziň ata Watanymyza buýsanjymyzy, söýgimizi has-da artdyrýar.
Baýmyrat MUHAMMEDOW Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň talyby