Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda Göwheri” atly kitabynda “Halkymyzyň bedewe bolan söýgüsi Göroglynynyň Gyratyna bolan garaýyşynda aýdyň ýüze çykýar. Göroglynyň bedewini taryp edip aýdýan namalary halkymyzyň bedewe söýgüsiniň senasy diýilse hem dogry bolarmyka diýýärin. Düldiliň dagda galan toýnak yzlary hem grekleriň haýran galmak bilen beýan eden mes toprakly mekanlarynda, hytaý imporatorlarynyň “şalaryň bedewleri”, “asman atlary” diýip häsiýetlendiren bedewleriniň, “nusaý atlarynyň” ösdürilip ýetişdirilen ýerinde müdimi galypdyr” diýip bellemek bilen halkymyzyň bedew atyna bolan söýgüsini beýan edýär. Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda Göwheri” atly kitabynyň üsti bilen bedewlere nazar salsak, türkmenler: «Saňa at diýmerin, gardaş diýerin» diýip, bedew atyna aýratyn söýgi bilen garaýar. Biz ony Gahryman Arkadagymyzyň behişdi bedewlerimize sarpasydyr, yhlasynda hem aýdyň görýäris. 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmeginde uly many bar. Parasatly pederlerimiz: «At agynan ýerde toý bolar» diýip, behişdi bedewlerimiziň barlygyny toýa ýanaýar. «Bedew at menzil keser» diýip, söwer gardaşyny rowaç menzillerde ýanbermez ýaranyna deňeýär. «Bedew jul içinde belli» diýip, çyn bedewleriň arzysynyň hiç mahal hem gaçmaýandygyny durmuş hakykaty hökmünde orta çykarýar. «Atym bar — ganatym bar» diýmek bilen, bedew aty bilen asman-zemin arasynda özüni erkana duýýandygyny äşgär edýär. Güýçlülik, çydamlylyk, hereketiniň ýeňilligi, häsiýetliligi türkmen bedewleriniň tapawutly tarapydyr. Şu ajaýyp häsiýetler atlar hakynda rowaýatlaryň, şygyrlaryň döremegine sebäp bolupdyr. Gamyşgulak bedewler halkymyzyň milli gymmatlygy, medeni mirasydyr. Olaryň waspy halk döredijiliginde, «Görogly» şadessanynda, Magtymguly, Seýdi, Mollanepes, Magrupy, Mätäji ýaly nusgawy şahyrlarymyzyň eserlerinde, şeýle-de atalar sözüdir nakyllarda çeper beýanyny tapýar. Akyldarlaryň biriniň: «At ýeňşiň, buýsanjyň we gowulyklaryň buşlukçysy» diýip belleýşi ýaly, türkmen halkynyň bedew atyna bolan söýgüsi juda uludyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz täze “Hakyda Göwheri” atly kitabynda-da bedewlere orun bermegi we “Bedew – pikir oýlaryň şu gözelliklerden ganatlanyp, döreden aýdymydyr. Çünki bedew döwletliligiň janly görnüşidir.” diýip bellemek bilen halkymyzyň döwletlilik ýörelgesini bedewler bilen baglanyşdyrýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen halkymyz özüniň ruhy gardaşy — bedew atyny beýgeldýär, olar bolsa türkmeniň mertebesini beýgeldýär. Şunuň üçin hem halkymyz gamyşgulak, ýyndam bedew atlaryna buýsanýar. Türkmen halkynyň uçar ganaty bolan ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny belende göterýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Güljahan ANNAÝEWA Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Aşgabat energetika orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy