Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli pähim-paýhaslary esasynda, Türkmenistan Watanymyz ählumumy ulag ulgamyna yzygiderli goşulyşmak bilen, Gündogar ― Günbatar we Demirgazyk ― Günorta ugurlary boýunça wajyp ýollarydyr merkezleri birleşdirýän esasy üstaşyr ulag geçelgeleriniň düzümini giňeldýär. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu ugurlar boýunça möhüm ulag geçelgeleriniň döredilmegi Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek we Ýewraziýanyň ykdysady zolaklaryny birleşdirmek wezipelerini durmuşa geçirmek babatda aýratyn ähmiýete eýedir. Munuň özi Hytaýa, Hindistana, Pakistana, Aziýa ― Ýuwaş umman sebitiniň hem-de Ýakyn Gündogaryň ýurtlaryna çykmak arkaly Günorta we Gündogar ugurlarda halkara ulag ulgamyna goşulyşmak mümkinçiligini hem göz öňünde tutýar. Bu günki gün Türkmenistan sebit we ählumumy multimodal ulag ulgamyna işjeň goşulýar, ýurdumyzyň geoykdysady mümkinçiliklerinden doly peýdalanmagyň çäklerinde öňdengörüjilikli başlangyçlar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bilşimiz ýaly, Türkmenistan ulag diplomatiýasynda ähmiýetli orny eýeläp, BMG-niň we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde netijeli çäreleri işjeň durmuşa geçirýär. Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolmak bilen, ýurdumyz sebit we yklym döwletleriniň arasynda ulag-logistik hyzmatlaryň ösdürilmeginde möhüm orny eýeleýär. Munuň şeýledigine uzynlygy 600 kilometr bolan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň taslamasy hem şaýatlyk edýär. Halkara derejeli bu ýol alty sany hereket zolagyndan ybarat bolup, tehniki taýdan dünýä ölçeglerine doly laýyk gelýär. Halkara we döwlet ähmiýetli ýollaryň gurluşygy bilen birlikde, welaýatara, etrabara derejedäki ýollaryň gurluşygynda hem giň gerimli işler yzygiderli alnyp barylýar. Çünki ýurdumyzyň senagatynyň, oba hojalygynyň okgunly ösüşi netijeli ulag düzümi bilen hem berkidilýär we goldanylýar. Mundan başga-da, ýollaryň giň gerimde gurulmagy sebitleriň ählisinde täze iş orunlarynyň müňlerçesini döretmäge, welaýatlaryň arasyndaky aragatnaşygy ýygjamlaşdyrmaga, Türkmenistanyň çäginden daşary ýurtlaryň awtoulag serişdeleriniň üstaşyr geçýän hereketini artdyrmaga, ýol hereketiniň howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Ýewraziýa yklymynda möhüm söwda ýollarynyň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistany iri halkara üstaşyr geçiriji döwlete öwürmek babatda yzygiderli işler durmuşa geçirilýär. XXI asyryň Beýik Ýüpek ýoluny döretmek ugrunda yhlas edip gurulýan täze ýollar halklary abadan durmuşa alyp barýar. Olar durnukly ösüşe, özara bähbitli hyzmatdaşlyga, ýakyn goňşularymyz, dünýäniň alysdaky halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga hem ýardam edýär. Bu ulgamda bar bolan ägirt uly kuwwatlyklardan netijeli peýdalanmaga çalyşýan ýurdumyz ulagyň ähli görnüşleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça milli maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirýär.
Orazgeldi GANDYMOW Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň talyby