Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýelden ýyndam bedewlerimiz Diýarymyzyň ählitaraplaýyn ösüşini we täze-täze üstünlikleriň belent derejelerine tarap okgunly hereketini alamatlandyryp, türkmen halkymyzyň milli mirasynyň, pederlerimiziň döredijilik paýhasynyň dowamatlygynyň beýany hökmünde janlanýar. Milli buýsanjymyza öwrülen behişdi bedewlerimiziň Hak Howandary Gahryman Arkadagymyzyň türkmeniň milli mirasyny gorap saklamaga, olary köpeltmäge we dünýä ýaýmakdaky nusgalyk işleri çäksiz alkyşlara eýe bolýar. Dünýäde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherinde ençeme ajaýyp binalardyr, desgalar bilen bir hatarda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň döredilmegi her bir ynsan, şol sanda atşynaslar üçin buýsandyryjy wakalaryň biri boldy. “Atdyr ýigdiň myrady”, “Ilki tur-da ataňy gör, ataňdan soň atyňy” diýip dal bedewlere uly hormat goýýan türkmen halkymyzyň toý-baýramy bedewsiz, at çapyşyksyz geçmeýär. Olaryň netijesinde, ýüwrük bedewlerimiz hemişe irginsiz türgenleşdirilen beden taýýarlygynda bolup, uzak aralyklara, ýörişlere çydamly bolupdyr. Munuň özi diňe bedewlerimiz däl-de, onuň üstündäki ýigitleriň hem sagdynlygy üpjün edipdir. “Bedew münen hassa bolsa sag olur” diýilmegi hem ýöne ýerden däldir. Häzirki döwürde sportuň iň gyzykly we özüneçekiji milli görnüşleriniň biri bolan at çapyşylary ägirt uly seslenmä eýe bolýar. Ahalteke atçylygynyň, seýisçiligiň ylmy esaslary, bu ugurda alnyp barylýan ylmy-barlag, okuw işleri, türkmen bedewleriniň gadyr-gymmaty, sungatdaky we edebiýatdaky keşbi hakyndaky maglumatlar üznüksiz öwrenilip, täzeçe öwüşginlere eýe bolýar. Şol özleşdirilýän maglumatlaryň özeninde ussat seýis Aba Annaýewiň atlary seýislemekdäki baý tejribeleri, atlara bolan beýik yhlasy aýratyn bellemäge mynasypdyr. Ajaýyp zamanamyzda Hormatly Prezidentimiziň pederleriň bu sungatynyň geljek nesillere ýetirilmegindäki nusgalyk işleri ata-baba ýol-ýörelgeleriň dowamat-dowamlygyndan nyşandyr.
Ogulşirin SARYJAÝEWA Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň talyby