MİLLİ BUÝSANJYMYZYŇ «HAKYDA GÖWHERİ»

  • 29.01.2026
  • MİLLİ BUÝSANJYMYZYŇ «HAKYDA GÖWHERİ» Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri watandaşlarymyzyň her biri üçin durmuş we döredijilik şamçyragydyr. Halkymyzyň şöhratly taryhyny, baý medeni mirasyny, nusgalyk döwletlilik ýörelgelerini beýan edýän, olary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýan bu eserler ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemekde gymmatly hazynadyr. Eziz Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly kitaby hem halkymyzyň taryhy maglumatlara daýanýan ruhy-medeni hazynasynyň dür-merjeni bolmak bilen, nesilleriň ylham çeşmesidir.Gahryman Arkadagymyz gymmatly eserinde “Bedew – pikir oýlaryň şu gözelliklerden ganatlanyp, döreden aýdymydyr. Çünki bedew döwletliligiň janly görnüşidir.” diýip bellemek bilen Türkmen halkynyň döwletlilik ýörelgesini bedewler bilen baglanyşdyrýar. Oguz han atamyzdan gözbaş alyp gaýdýan bäş müň ýyl taryhy bolan ahalteke bedewlerimizi türkmen halkynyň milli mirasy hem-de guwanjy hasaplaýar. Ýurdumyzda Ahalteke bedewleri milli we dünýä medeniýetiniň janly taryhy gudraty bolup galmak bilen Eziz Watanymyzyň gazanýan üstünlikleriniň ajaýyp nyşanydyr.
    Kitapdaky: “Hakyda göwherleri milli buýsanjymyzyň, arassa ygtykat-ynanjymyzyň, şeýle hem, geljege bolan ynamymyzyň mizemez binýadydyr” diýen sözler kalbymyzy joşdurýar. “Hakyda göwheri” atly kitap biz — talyp ýaşlar üçin has-da ähmiýetlidir. Çünki bu kitap Milli Liderimiziň halkymyzyň şöhratly taryhy, döredijilik mirasy hakynda toplan maglumatlarynyň paýhas dürüdir. Halkymyzyň şöhratly taryhyndan, asylly durmuşyndan söz açýan dürdäne eserleri halkymyza sowgat berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlar aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň mundan beýläkde galamynyň ýiti, döredijilik äleminde gadamynyň dowamat­dowam bolmagyny, arzuw edýäris. Şeýle ajaýyp kitaplary bilen halkymyzy begendirip durýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwlet ähmiýetli işleri hemişe rowaç alsyn!

    Maksat BATYROW
    Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň talyby
    Başga makalalar