BEDEW BATLY «GALKYNYŞLY» ÝEŇİŞLER

  • 01.02.2026
  • BEDEW BATLY «GALKYNYŞLY» ÝEŇİŞLER Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň baý medeni mirasy, milli buýsanjymyz, Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň bezegi bolan ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek, olaryň baş sanyny artdyrmak, milli atşynaslyk sungatyny has-da ösdürmek işlerini mukaddes peder ýoluna ygrarly Arkadagly Gahryman Serdarymyz mynasyp dowam etdirýär. Gahryman Arkadagymyz: “Türkmen bedewleriniň täsin taryhy öz gözbaşyny müňýyllyklaryň jümmüşinden - neolit, eneolit we bürünç eýýamlaryndan alyp gaýdýar. Çünki bedew türkmen halkynyň ykbaly we taryhy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr, atşynaslyk sungatyna türkmen halkynyň kämil dünýägaraýşy, çuň pelsepesi siňipdir” diýip, örän jaýdar belläp geçýär. Ahalteke bedewleriniň ýetidirilmeginde olaryň seýislenilişiniň, iýmitlendirilişiniň, Türkmenistan döwletimiziň gurak howa şertleriniň täsiri örän ulydyr. Türkmen seýisçileriniň tejribesi dünýä atşynaslyk sungatyna özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Hut şonuň üçin hem türkmen bedewleriniň şöhraty gadymy döwürlerde Gündogarda Müsür, Wawilon, Hytaý, Hindistan, Günbatarda Rim, Grek döwletlerinde aýan bolýar.
    Ata-babalarymyzyň: «Saňa at diýmerin, gardaş diýerin» diýip, mertebelän behişdi bedewleri bu gün, döwlet derejesinde edilýän taýsyz tagallalaryň netijesinde ählihalk buýsanjyna, dünýä ýurtlarynyň atşynaslarynyň söýgüsine mynasyp boldy. Şan-şöhratly bedewlerimiz asyrlaryň, nesilleriň, ýeňişleriň we ruhubelentligiň sazlaşygyny hem-de döredijiligiň arabaglanyşygyny özünde jemläp, Türkmenistan Watanymyzyň ösüşleriniň baş nyşanyna öwrüldi. Çünki Türkmenistan gadymy döwürlerden bäri atşynaslygyň iri dünýä merkezi hökmünde ykrar edilendir. Biz muny 2026-njy ýylymyzyň şygarynda, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparymyzyň gazanan üstünliklerinde hem aýdyň görýäris. 2026-njy ýylyň «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylynyň ilkinji günlerinde Monako knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 48-nji halkara sirk festiwalynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary ýene-de 2 sany ýokary derejeli halkara baýraga yagny Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalara mynasyp boldy. Bu halkara baýraklar diňe bir «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna berlen baýrak bolman, eýsem ol tutuş halkymyza, ahalteke bedewlerimize goýulýan belent hormatyň, ykrarnamanyň hem nyşanydyr. Çünki “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary döwletimiziň buýsanjydyr, guwanjydyr. Sirk sungatymyzyň parlak ýyldyzydyr.

    Sapar TİLKİLİÝEW
    Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň lukmançylyk fizikasy we informatikasy kafedrasynyň uly mugallymy
    Başga makalalar