Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Bilim arkaly beýik geljek gurulýar. Hut şonuň üçin hem biz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkemnistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmäge we ösdürmäge döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde garaýarys» diýip belleýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak barada alyp barýan işleriniň netijesinde türkmen talyplarynyň daşary ýurt dillerini öwrenmek boýunça mümkinçilikleri has-da ýokarlanýar. Munuň bolsa Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge goşant goşjak ökde hünärmenleriň taýýarlanmagynda-da ähmiýeti örän uludyr. Soňky ýyllarda ýurdumyzda bilim ulgamy uly ösüşlere eýe boldy. Talyp ýaşlarymyzyň hatda mekdep okuwçylarymyzyň dünýäniň ençeme ýurtlarynda geçirilýän ders bäsleşiklerinde, halkara olimpiadalarynda, sport bäsleşiklerinde öňdäki orunlary eýelemegi başarýandyklary diýseň guwandyryjydyr. Bu üstüniklere mynasyp goşant goşýan Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplarynyň görkezýän netijeleri hem bellenmäge mynasypdyr. «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylymyz ajaýyp üstünlikler bilen başlandy. 2026-njy ýylyň 25-28-nji ýanwary aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Buhara şäherinde Matematika we Himiýa dersleri boýunça geçirilen Halkara ders olimpiadasynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary halkara derejesinde bäsleşip örän oňat netijeleri görkezip, ýurdumyzyň abraýyny belende göterdiler. Türkmen talyplarynyň ýygyndy topary ýokary taýýarlyk derejesini görkezip, 17 sany altyn medala, 17 sany kümüş medala we 12 sany bürünç medala, jemi 46 sany medala mynasyp bolup ýurdumyzyň şanyna şan goşdy. Talyp ýaşlarymyzyň bu halkara olimpiadada gazanan ýeňişleri, üstümizdäki ýylda ýenede ençeme ýeňişleriň gazanyljakdygynyň buşlukçysy boldy.
Ybraýym GURBANOW
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy