Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başlanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň netijesinde ulag-aragatnaşyk infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Bu bolsa ýurdumyzyň halkara ähmiýetli iri ulag çatrygy hökmünde eýeleýän ornuny pugtalandyrýar. Türkmenistan Watanymyz bu ugurda Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berýär. Iri infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirip, sebit hem yklymüsti döwrebap ulag düzüminiň kemala getirilmegine goşant goşýar. Häzirki döwürde ulag ulgamyndaky gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmak babatda Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlary bu ugurda tagallalary birleşdirmäge ýardam edýär. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň bu ugra gönükdirilen sebit, yklym hem-de ählumumy derejedäki başlangyçlary Merkezi Aziýada we Hazar deňzi sebitinde üstaşyr ulag, logistika ulgamlarynyň döredilmeginde möhüm orny eýeledi. Ýurdumyzda ulag-kommunikasiýa pudagyna öňdebaryjy tehnologiýalary, häzirki zaman tejribesini ornaşdyrmak, sanly hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmak, aragatnaşyk düzümlerini döwrebaplaşdyrmak işine möhüm ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli döwrebaplaşdyrmaga, hereket edýän ulag-kommunikasiýa ulgamlaryny giňeltmäge we täzelerini döretmäge gönükdirilen toplumlaýyn milli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu çäreleriň ählisi ýurdumyzyň ulag ulgamynyň halkara kommunikasiýa düzümine işjeň goşulyşmagyna, Türkmenistanda multimodal gatnawlaryň sebit boýunça utgaşdyrylmagyny üpjün edýän iri logistik merkezleriň döredilmegine gönükdirilendir. Gazagystan ― Türkmenistan ― Eýran halkara demir ýoly, Amyderýanyň üstünden geçýän döwrebap demir ýol we awtomobil köprüleri, Kerki ― Ymamnazar ― Akina demir ýoly ýurdumyzyň ägirt uly üstaşyr ulag mümkinçiliklerine şaýatlyk edýär. Goý, dünýä tarap giň ýol açýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Mukaram ROZYKULYÝEWA Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy