Ak bagtym sen Aşgabat!

  • 18.02.2026
  • Ak bagtym sen Aşgabat! Aziýanyň merjeni ak mermerli Aşgabadyň gözelligi görenleri haýran galdyrýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň paýtagty tutuş ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleriň, ýetilýän belent sepgitleriň ajaýyp mysalydyr. Häzirki döwürde Aşgabadyň binagärlik keşbini döwrebaplaşdyrmak, gözel paýtagtymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, täze ýaşaýyş toplumlaryny gurmak, hereket edýän inženerçilik-tehniki ulgamlaryň durkuny täzelemek, ýol-ulag düzümini ösdürmek ugrunda giň möçberli işler amala aşyrylýar.
    Biz daş-töweregimizdäki özgerişlikleri görýäris we olara buýsanýarys. Bu günki gün edil Aşgabat şäheri ýaly, onuň ýaşaýjylary-da täzeçillige ymtylýar. Çünki şäherde ilatyň, ilatda hem şäheriň ruhy bar. Her ýyl paýtagtymyzyň ajaýyp binagärlik toplumlarynyň üstüniň durmuş-medeni maksatly desgalar bilen ýetirilmegi adamlarda uly buýsanç döredýär.
    Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlarynyň esasynda hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň paýtagtynyň keşbi tanalmaz derejede özgerýär, şäher sebitiň iri medeni we işewürlik merkezi hökmünde öz ornuny barha pugtalandyrýar. Şäher düzümi yzygiderli döwrebaplaşýar. Şonuň netijesinde, aşgabatlylar halkara ölçeglere laýyk gelýän amatlyklar, oňyn şertler bilen üpjün edilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda raýatlaryň bagtyýar ýaşaýşy, ýokary derejeli dynç alşy, öndürijilikli zähmeti üçin ähli mümkinçilikleriň döredilmegi hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
    Ak mermerli Aşgabat ýurdumyzyň baş şäheri hökmünde diňe belent binalary, köşkleri, seýilgähleri, ýaşaýyş jaý toplumlary, ajaýyp şaýollary bilen dünýäniň iş owadan şäherleriniň birine öwrülmän, eýsem, döwrebap telekommunikasiýa düzümini hem döredýän şäherdir. Türkmenistan şäher durmuşynyň ähli ulgamlaryna, telearagatnaşyk we maglumat tehnologiýalaryna täzeçil usullary ornaşdyrmagyň işjeň tarapdary bolup durýar. Aşgabady ösdürmegiň şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynda innowasiýalaryň, ýokary tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, ähli ulgamlaryň kompýuterleşdirilmegine hem-de bu ugurda gazanylan dünýä tejribesiniň özleşdirilmegine aýratyn üns berilýär.


    Akgül NURBERDIÝEWA
    Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň bölüm müdiri
    Başga makalalar